Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar

Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar

Xiaomi kompaniýasy täze Civi 2 smartfonynyň çykjak senesini mälim etdi ol 27-nji sentýabrda hödürlener. Bu barada IT Home portaly habar berýär. Bu gurluş Hello Kitty brendi bilen hyzmatdaşlykda çykarylar we baha berip bilýän adamlar üçin toplumda meşhur gahrymanyň şekili bilen gajetiň ýörite wersiýasy çykarylar. Bu barada gazeta.ru salgylanyp, Day.Az habar belleýär.

Täze modeliň esasy aýratynlygy “kiçijik ak köýnek” reňkinde arka tarapdaky panel bolar.Ol eşikdäki ýygyrtlary ýada salýan tekstura eýe bolar. Öndüriji arka tarapyň materialynyň elläniňde ýyly boljak “ýumşak aýna” boljakdygyny nygtaýar.

Xiaomi Civi 2 Qualcomm Snapdragon 7 Gen 1 çibi, şeýle-de ýygylygy 120 Gs bolan Full HD+ ekrany bilen üpjün ediler.Kamera üç sensora eýe bolar, esasy kamera 50 Mp.

Iki modul umumy halkanyň aşagynda gizlener, üçünjisi bolsa göni olaryň aşagynda ýerleşer.Smartfonyň beýleki tehniki aýratynlyklary heniz gizlin saklanýar.Gurluşyň bahasy-da belli däl.

Ýene degişli makalalar

Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
Samsung täze Galazy Z Flip 4 smartfonyny bildiriş etdi
“Sony” fotoapparat ýaly kameraly smartfonyny tanyşdyrdy
Xiaomi 200-Mp-lik Samsung kameraly smartfon çykarar
Täze enjamlaryny tanyşdyrdy
Iň öndürijilikli el telefony belli edildi