Talyplar üçin iň gowy smartfonlar mälim edildi

Talyplar üçin iň gowy smartfonlar mälim edildi

​"Gizchina" neşiri öz awtorlarynyň garaýyşlaryna esaslanyp, talyplar üçin iň gowy smartfonlar barada material çap etdi. Onda iň gowy oýun smartfony diýen ýaly birnäçe kategoriýany öz içine alýan ýörite sanaw getirilýär. Bu barada msn.com habar berýär.

Telefonda oýun oýnamagy halaýan talyplar üçin iň gowy smartfon diýlip, "Lenovo Legion 2 Pro" saýlanyldy.Bu enjamda Snapdragon 888 flagman prosessory işleýär, onda sowadyş ulgamy hem bolup, öndürijilik synagynda netijeliligi 855,004 bala barabar boldy.

Bu smartfonyň ýene bir aýratynlygy - onda 5500 mAh energiýa sygymly hem-de 90 Wt çalt zarýad bermäge ukyply akkumulýatoryň bolmagydyr.Mundan başga-da, "Redmi K40 Gaming Enhanced" smartfonyny hem talyplar üçin iň gowy oýun smartfonlarynyň sanawyna goşuldy. “AnTuTu” bençmarkynda telefon 720,000-den hem ýokary bala eýe boldy. ​Şeýle-de talyplar üçin iň oňat ýygnalýan smartfon kategoriýasynda "Xiaomi MIX Fold" öňe saýlandy, kamerasy iň güýçli telefonlarynyň arasynda bolsa "Xiaomi Mi 11 Pro" we "ZTE Axon 30 Ultra" tapawutlandyryldy.

Iň güýçli smartfonlar diýlip bolsa, "Xiaomi Mi 11 Ultra", "Sony Xperia 1 III" we "Realme GT Neo" yglan edildi. Şular bilen birlikde, talyplar üçin arzan smartfonlar hem kesgitlendi.Olardan "Poco M2 Reloaded" we "Nokia G10" aýratyn tapawutlandyryldy.

Ýene degişli makalalar

Aprel aýynyň iň öndürijilikli smartfonlary saýlandy
AnTuTu iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň reýtingini täzeledi
Black Shark 4 Pro aprel aýynyň iň kuwwatly smartfony boldy
Time žurnaly 2021-nji ýylyň iň gowy oýlap tapyşlaryny yglan etdi
AnTuTu bençmarky baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy smartfonlary saýlady
Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy