AnTuTu iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň reýtingini täzeledi

AnTuTu iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň reýtingini täzeledi

AnTuTu bençmarkynyň topary 2022-nji ýylyň iýun aýyna çenli ýagdaýa görä dürli baha kategoriýalarynda baha we öndürijilik gatnaşygy taýdan iň gowy Android smartfonlarynyň reýtingini neşir etdi. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Şeýlelikde, iň arzan kategoriýada geçen ýylky flagman SoC Snapdragon 888+ çipseti bilen işleýän Motorola Edge S30 birinji orny eýeleýär we Hytaýda 1769 ýuana (264 dollar) durýar. 1999 ýuana çenli bolan (298 dollara çenli) iň arzan kategoriýada ikinji orny Dimensity 8100-e esaslanýan Redmi Note 11T Pro, üçünji orny iQOO Z5x eýeleýär. 2000-den 2999 ýuana çenli (299-dan 447 dollara çenli) kategoriýada Motorola Edge X30 lider boldy, ikinji orunda Redmi K50 Gaming Edition, üçünji orunda iQOO Neo5S ýerleşdi. 3000-den 3999 ýuana çenli (448-den 596 dollara çenli) kategoriýada birinji orny Lenovo Legion Y90 eýeleýär, onuň yzyndan iQOO 9 we Realme GT2 Pro gelýär. 4000-den 4999 ýuana çenli (597-den 746 dollara çenli) kategoriýada birinji orny Nubia Red Magic 7 Pro, ikinji orny iQOO 9 Pro, üçünji orny OnePlus 10 Pro eýeledi. 747 dollardan ýokary bahaly iň gymmat smartfonlaryň arasynda Oppo Find X5 Pro liderlik edýär, ikinji orunda Vivo X80 Pro, üçünji orunda Oppo Find X3 Pro ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy
Aprel aýynyň iň öndürijilikli smartfonlary saýlandy
Time žurnaly 2021-nji ýylyň iň gowy oýlap tapyşlaryny yglan etdi
Talyplar üçin iň gowy smartfonlar mälim edildi
Black Shark 4 Pro aprel aýynyň iň kuwwatly smartfony boldy
Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy