Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy

Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy

iPhone 15, iPhone 13 we Samsung Galaxy S23 FE dünýäde 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginiň jemleri boýunça iň köp satylan smartfonlar boldy. Bu barada Hytaýyň Chaodian seljeriş kompaniýasynyň hasabatyna salgylanýan Gazeta.ru habar berdi.

2023-nji ýylyň soňky üç aýy boýunça Apple kompaniýasy 5,3 mln iPhone 15 we 2,4 mln iPhone 13 smartfonlaryny satdy. Samsung Galaxy S23 FE eltelefonlarynyň 2,2 mln sanysy satyldy. Öňdebaryjylaryň bäşligine şeýle-de iPhone

14 we Galaxy S23 smartfonlary degişlilikde 1,9 mln we 1,7 mln birlik bilen girdi.

Sanawda Google Pixel 8 (1,2 mln), Xiaomi Mi 14 Pro (0,87 mln), iPhone 12 (0,46 mln, Vivo X100 Pro (0,35 mln), iPhone 13 Mini (0,34 mln), Motorola Razr 2023 (0,30 mln), Xiaomi Mi 14 (0,25 mln), Xiaomi Mi 13T Pro (0,22 mln),

Samsung Galaxy S22 (0,21 mln), iPhone 15 Plus (0,21 mln), Huawei Mate 60 (0,19 mln), iQOO 12 Pro (0,17 mln), Oppo Find N3 Flip (0,17 mln), Samsung Galaxy S23 Plus (0,16 mln) we Google Pixel 7 (0,16 mln) ýerleşdi.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
Hytaýda 240 Wt kuwwatly dünýäde iň çalt zarýad beriji dörediler
Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy
Samsung kompaniýasyna galp mahabat sebäpli 10 mln dollar jerime salyndy
Samsung smartfonlaryny indi özbaşdak bejerip bolýar