TNGIZT-de dizel ýangyjynyň we motor ýagynyň täze önümçiligi ýola goýuldy

TNGIZT-de dizel ýangyjynyň we motor ýagynyň täze önümçiligi ýola goýuldy

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Hydro Plus kysymly dizel ýangyjynyň önümçiligi ýola goýuldy. Ýangyjyň bu görnüşi ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde hem-de howanyň aşa sowuk şertlerinde ygtybarly ulanmaga niýetlenendir.

Zawodlar toplumynda şeýle-de SAE 50 API CF-4 kysymly motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy.Motor ýagynyň bu görnüşi awtomobillerde we beýleki enjamlarda gurnalan kuwwatly dizel hereketlendirijileri üçin göz öňünde tutulyp, yssy howa şertlerinde ulanmaga niýetlenendir.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bular barada şu gün 26-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer B.Amanowyň Türkmennebit döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebit önümlerini öndürmegiň täze usullaryny öwrenmegiň, öndürilýän önümleriň hilini ekologik standartlaryň talaplaryna laýyk getirmegiň, isleg has ýokary bolan önümleri öndürmegiň ýurduň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň esasy wezipeleridigini belledi.

Ýene degişli makalalar

TNGIZT-de täze görnüşli dizel ýangyjy we motor ýagy öndürilip başlandy
TNGIZT-da täze görnüşli dizel ýangyjy we motor ýagy öndürilip başlandy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
26-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Xiaomi 200-Mp-lik Samsung kameraly smartfon çykarar