TNGIZT-da täze görnüşli dizel ýangyjy we motor ýagy öndürilip başlandy

TNGIZT-da täze görnüşli dizel ýangyjy we motor ýagy öndürilip başlandy

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) täze “Hydro Plus” kysymly dizel ýangyjynyň we “SAE 50 API CF-4” kysymly motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Hydro Plus” kysymly dizel ýangyjy ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde we howanyň aşa sowuk şertlerinde ygtybarly ulanmaga, şeýle hem “SAE 50 API CF-4” kysymly motor ýagy awtoulaglarda hem-de beýleki enjamlarda gurnalan kuwwatly dizel hereketlendirijileri üçin göz öňünde tutulyp, yssy howa şertlerinde ulanmaga niýetlenendir.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany hasabaty diňläp, täze önümleriň ýurtda bu ugurda öndürilýän önümleriň görnüşlerini has-da artdyrjakdygyny aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

1943-nji ýylda döredilen TNGIZT-de nebit çig malyndan dürli kysymly awtomobil benzini, uçar kerosini we tehniki kerosin, dizel ýangyjy, mazut, motor ýaglary, polipropilen, peç ýangyç ýagy, koks, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumy, şeýle hem nebitdir nebithimiýa önümleriniň beýleki görnüşleri öndürilýär.

Ýene degişli makalalar

TNGIZT-de täze görnüşli dizel ýangyjy we motor ýagy öndürilip başlandy
TNGIZT-de dizel ýangyjynyň we motor ýagynyň täze önümçiligi ýola goýuldy
26-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
BTS Disney üçin topar barada dokumental serialyň üstünde işleýär
iPhone 14 Apple-iň iň gymmat smartfonlarynyň biri bolar