Iki milliony satyldy

Dürli elektron enjamlary öndürýän “Sony” kompaniýasynyň iň geçginli harytlarynyň biri hem “PlayStation”-ler hasaplanýar.Ilkinji gezek 1994-nji ýylda satuwa çykarylan enjamyň häzirki wagtda 5-nji nesli müşderilere ýetirilýär. Ýapon kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýeginde iki million “PlayStation 5” satypdyr.

Häzire çenli bolsa, bu enjamdan 19,3 milliony müşderilere ýetirilen eken.Degişli döwürde oýun enjamynyň ozalky nusgasy bolan “PlayStation 4”-den 100 müň sanysy satylypdyr. “PlayStation”-leriň ähli nusgasy hasaba alnanda, 117,2 milliony satylypdyr.

Degişli döwürde kompaniýa 70,5 million oýun satypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründen 9,1 million köp bolupdyr. Şeýle hem “PS Plus” hyzmatynyň 47,4 million abunaçysynyň bardygy mälim edildi.

Dürjemal Çaryýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Arkadag we Altyn asyr toparlary 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyna uly ýeňişler bilen başladylar
Ilkinji “PlayStation” peýda bolýar
Türkmenpoçtanyň gapydan gapa çaparçylyk hyzmaty: peýdaly we tapawutly taraplary
Aşgabat gipermarketinde söwda edip başlamagyň esasy 5 sebäbi
Türkmenistanda milli habar alyş-çalyş hyzmatlary meşhurlyk gazanýar
21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Aşgabat gipermarketi öz öndürýän peýnirleriniň we beýleki süýtturşy önümleriniň köpdürli görnüşlerini hödürleýär