Apple iPhone 11 hatarynyň ähli modellerini önümçilikden aýyrýar

Apple iPhone 11 hatarynyň ähli modellerini önümçilikden aýyrýar

iPhone 14 çykandan soň, Apple kompaniýasy iPhone 11-iň önümçiligini bes eder. Bu barada iDropNews portaly habar berýär diýip, Day.Az belleýär.

Kompaniýa täze iPhone SE 2022 özünden öňkiniň ornuny tutar diýip hasaplaýar. Bu bolsa Apple-e şu ýylyň güýzünde iPhone 11-iň önümçiligini bes etmäge mümkinçilik berer. Ýöne portalyň maglumatlaryna görä, iPhone SE-niň anonsyndan soň iPhone 11 smartfonlaryna bolan isleg birden ýokarlandy.

Geçen ýyl Apple iPhone 13 çykandan soň iPhone 12 Pro bilen iPhone XR-i çykarmagy bes etdi, 2020-nji ýylda bolsa kompaniýa iPhone 11 Pro, iPhone 11 Pro Max, iPhone 8 we iPhone 8 Plus smartfonlaryny öndürmegi bes etdi.

Ýene degişli makalalar

Belgiýanyň Challenge Airlines awiakompaniýasy Aşgabatda gonup geçmek bilen ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady, Türkmen mekdep okuwçylary TURKSOÝ bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldylar we beýleki habarlar
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
"Apple” täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrdy
Taryhda iň köp satylan ykjam telefon belli boldy
Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Iň şöhleli smartfonlaryň sanawy neşir edildi
Indoneziýa täze paýtagtyň döredilmegi üçin $2 mrld bölüp berer