Belgiýanyň Challenge Airlines awiakompaniýasy Aşgabatda gonup geçmek bilen ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady, Türkmen mekdep okuwçylary TURKSOÝ bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldylar we beýleki habarlar

Belgiýanyň Challenge Airlines awiakompaniýasy Aşgabatda gonup geçmek bilen ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady, Türkmen mekdep okuwçylary TURKSOÝ bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldylar we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Belgiýanyň Challenge Airlines awiakompaniýasy Ninbo (Hytaý) — Aşgabat we Aşgabat — Lýež (Belgiýa) ugurlary boýunça Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gonup, ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady.

2. Üç sany türkmen mekdep okuwçysynyň düzmesi Türki nedeniýetiň halkara guramasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen TÜRKSOÝ türki dünýäniň altyn köprüsi atly bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy.Bäsleşik häzirki zaman dünýäsinde türki halklaryň medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň we adatlarynyň umumylygyny aýap saklamak hem-de mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirildi.

3. 30-njy oktýabrda Moskwada beýik türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan Köp medeniýetli giňişlikde milli kompozitorlyk mekdepleriniň emele gelmek meselesi atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler.

Maslahatyň guramaçysy hökmünde Moskwanyň Nury Halmamedow adyndaky Dutaryň sesi halkara festiwalynyň guramaçylyk topary çykyş eder.Foruma Russiýanyň, Türkmenistanyň we GDA ýurtlarynyň aýdym-saz ugurly esasy ýokary okuw mekdepleri gatnaşarlar.

Maslahat ýüzbe-ýüz görnüşde geçiriler.

4. Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň beýik akyldar şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan birnäçe kitaplar neşir ediler. 2023-2024-nji ýyllarda nusgawy şahyryň ömri we döredijiligi hakynda onlarça täze işleri, goşgularynyň ýygyndylary, şol sanda baý suratly sowgatlyk kitaplary diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, birnäçe daşary ýurt dillerinde hem neşir etmek meýilleşdirilýär.

5.Köpetdag daglarynyň eteginde ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýi myhmanlary çagyrýar.Haýwanat bagynyň çäginde 5 sany esasy gözden geçiriş zolagy bar: Afrika sawannasy, Guş bazary, Ýyrtyjylaryň mesgeni, Toýnaklylaryň ýaşaýan ýeri we Haýwanat dünýäsi muzeýi.

Haýwanlaryň käbir görnüşlerini iýmitlendirmäge rugsat berilýär, munuň üçin haýwanat bagynyň çäginde satylýan iými satyn almaly.Haýwanat bagy her gün irden 8-den agşam 8-e çenli açykdyr.Duşenbe güni dynç günüdir.

Petegiň bahasy 5 manat, bu töleg Haýwanat dünýäsi muzeýine baryp görmegi hem öz içine alýar. 3 ýaşa çenli çagalara giriş mugt.

Dünýäde

6. Beýonse konsertiniň tomaşaçylarynyň metro bilen öýlerine gaýdyp bilmekleri üçin Waşington metropoliteniniň işini bir sagat uzaltmak üçin 100 müň dollar töledi.

7.Täze iPhone 15-iň tanyşdyrylyş dabarasy onlaýn görnüşde Apple kompaniýasynyň saýtynda we Apple Park platformasynda geçiriler.Tanyşdyrylyşyň režissýor tarapyndan işlenen ýazgysy görkeziler we oňa ähli wideo hyzmatlarynda onlaýn tomaşa etmek mümkin bolar.

Tanyşdyrylyş 12-nji sentýabrda geçiriler.Täze smartfonyň dört nusgasy hödürlener: iPhone 15, iPhone 15 Plus, iPhone 15 Pro we iPhone 15 Pro Max, şeýle hem täze Apple Watch Series 9 akylly sagady we Watch Ultra-nyň ikinji nesli tanyşdyrylar.

Sport habarlary

8. Altyn asyr bilen Ahalyň arasyndaky derbi duşuşygy sişenbe güni Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň Sport toplumy stadionynda geçirildi. Duşuşyk futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň çäklerinde geçirildi we Türkmennebitönümleri Baş müdirliginiň toparynyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň soňky minutlarynda Altyn asyryň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew ikinji sary duýduryşy aldy we meýdançadan çykaryldy.

9. AFK kubogy-2023/24-iň Merkezi zolagynda Türkmenistanyň Merw topary bilen Gyrgyzystanyň Alaý toparynyň arasyndaky deslapky tapgyryň geçiriljek ýeri kesgitlenildi. Toparlar sişenbe güni, 15-nji awgustda Marydaky 10 müň orunlyk Sport toplumy stadionynda duşuşarlar.

10. GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň nobatdaky bäsleşik gününiň netijeleri boýunça türkmen türgenleri iki medal gazandylar agyr atletikaçy Atajan Daýyýew 109 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy, erkin göreşçi Zyýamuhammet Saparow bolsa 125 kg çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Diňe guşlar uçýarmy?!
Janly tebigatyň milli muzeýinde dürli yklymlardan ýygnalan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň wekilleri bar
Ak gaplaň dünýä indi
Hüjüm eýlär barça ary, gabat gelse bal biläni
Türkmenistanda ählihalk bag ekmek kampaniýasy başlady
Milli Liderimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy