Žirafyň iň uzyny

Žiraflar gury ýerde ýaşaýan iň uzyn jandarlar hasaplanýar.Olaryň boýy 5 metrden geçýär.Golaýda Awstraliýanyň Kwinslend ştatynyň Sanşaýn-Kost sebitiniň Birwa şäheriniň haýwanat bagynda iň uzyn žiraf hasaba alyndy. 12 ýaşly Forest (Tokaý) atly žirafyň boýy 5,7 metre ýetýär. Žirafyň idedijisi Kat Hansen ony ölçemegiň aňsat bolmandygyny belleýär.

Haýwanat bagynyň işgärleri žirafyň boýuny ölçemek üçin ujuna iýmit ýerleşdirilen ölçeg syrygyndan peýdalandylar. Şeýlelikde, jandaryň dik durmagyny gazandylar. Ýerine ýetiren işlerini bolsa jikme-jik ýazga aldylar. Ýeri gelende aýtsak, žiraflar agaç ýapraklary bilen iýmitlenýärler. Şol sebäpli olar kellesini ýokaryk galdyryp, has ýokarky şahalaryň ýapraklaryny hem iýýärler.

Adatça, uly žiraflaryň boýy 4,6-5,5 metr aralygynda bolýar. Žiraflaryň boýunyň ösüşi 3-6 ýaş aralygynda tamamlanýar. Ýabany durmuşda 10-15 ýyl ýaşaýan bu jandarlar haýwanat baglarynda 20-25 ýyl ýaşaýarlar.

Forest 2007-nji ýylda Täze Zelandiýanyň Oklend şäheriniň haýwanat bagynda dünýä inipdir. Ol iki ýaşyndaka bu ýere getirilipdir.

Ýene degişli makalalar

Täze Zelandiýanyň ganatly ýaşaýjylary
Dünýäde täze ýyl garşy alyndy
Ikisi hem bir günde 22-nji çempionlygyny gazandy
Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar
Dünýäde Täze ýyly ilki bolup, Kiribati garşylady
Radukanu tennise dolanýar