Täze Zelandiýanyň ganatly ýaşaýjylary

Ýer ýüzünde her ýeriň özüne mahsus tebigy aýratynlyklary, fauna we flora dünýäsi bar.Tebigaty bilen görenleri haýran edýän ýurtlaryň biri hem Täze Zelandiýa bolup, bu ýerde janly-jandarlaryň beýleki ýerlerde duş gelmeýän, ýagny endemik görnüşiniň birnäçesi bar.

Bulara kiwi, takahe guşlaryny, kereru kepderisini, kaka totyny, tuatara süýrenijisini, eels ýylanbalygyny mysal getirmek bolar.Gazetimiziň şu sanynda sizi Täze Zelandiýadaky seýrek duş gelýän guşlar bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Takahe.Täze Zelandiýanyň Günorta adasyndaky Fiordland jülgesiniň adybir milli seýilgähinde ýaşaýan takahe uçup bilmeýän iň uly guş hasaplanýar.Gyzyl kekeçli, açyk gyrmyzy çüňkli, ýalpyldawuk gögümtil-ýaşyl ýelekli bu guşlaryň jemi 500 töwereginiň bardygy çaklanylýar.

Takaheniň boýy 63 santimetr, agramy ortaça 3 kilogram bolýar. 18 ýyl töweregi ýaşaýan bu guşlar uçup bilmeýändigine garamazdan, gysga we çeýe aýaklary bilen bir metre çenli beýiklige böküp bilýärler.

Bu guşlar biri-biri bilen habarlaşmak üçin jaňly sesini ulanýarlar.Takahe milli derejede goralýan guşlaryň biridir.

Kokako. Ýakymly aýdymy bilen tapawutlanýan kokakolar Täze Zelandiýanyň Demirgazyk adasynda ýaşaýarlar.Gögümtil-çal ýelekli bu guşlaryň bokurdagyndaky gök gysgyjy olaryň sesiniň owadan we ýiti çykmagyna kömek edýär.Kokakolar mäkiýanlary bilen bilelikde gezekli-gezegine (duet) saýraşýarlar.

Olaryň inçeden uzyn aýaklary, egrelip duran guýrugy bolup, seýrek ýagdaýda 100 metre çenli aralyga uçýarlar.Köplenç agaçlaryň depesinde aýdym aýdýan kokakolar ilatly ýerlerde zyýankeşlere garşy göreşmekde uly ýardam edýärler.

Häzirki wagtda bu guşlaryň üç ýüzden gowrak jübütiniň bardygy çaklanylýar.

Kereru.Täze Zelandiýanyň meşhur guşlarynyň biri bolan kereru kepderisi tokaýda, şäher we oba ýerlerinde ýaşaýar.Kellesinden döşüne çenli gögümtil-ýaşyl, ganatlary gögümtil-gyrmyzy, göwresiniň köp bölegi ak ýelekli bu guşlaryň esasy mekany Çatem adalary hasaplanýar.

Kereru ýurtda iň köp ýaýran guş bolup, her topar 50-100 töweregi guşdan düzülýär.Zyýankeşlere garşy göreşde esasy kömekçiler bolan bu guşlar agaçlaryň pyntygy, otlar, güller hem-de miwedir kömelekler bilen iýmitlenýärler.

Weka uçup bilmeýän guşlaryň biri bolup, beýlekilerden ugurtapyjylygy bilen tapawutlanýar. Täze Zelandiýanyň adalarynyň birnäçesinde duş gelýän bu guşlar, esasan, goňur reňkde bolýar. Daşky görnüşi ördege meňzeş bolup, tokaýlarda, kenar ýakalarda ýaşaýan weka bir kilometre çenli aralyga ýüzmäge ukyplydyr. Olaryň esasy iýmiti ot bolup, oňurgasyz jandarlar, miwedir ýumurtga bilen hem iýmitlenýärler.

Tui owadanlygy bilen tapawutlanyp, onuň goňur, gögümtil-mämişi ýelekleri, ýeňsesinden boýnuna tarap seçelenip duran perleri we alkymynda ak galstugy bar.Käbiriniň maňlaýynda hüžžerip duran sary ýelekleri hem bolýar.

Uçup barýan wagty uly gykylyk edýän bu guşlaryň esasy bölegi Kermadek, Oklend, Demirgazyk, Günorta we Stýuart adalaryndaky tokaýlarda, deňiz kenarlarynda ýaşaýar.Gyrymsy agaçlarda höwürtgeleýän, gülleriň nektary bilen iýmitlenýän tuiler süýji iýmitini gözläp tapmak üçin 10 kilometre çenli ýol geçýärler.

Kaka.Görmänkäň uzakdan sesi eşidilýän bu guş ka-a-ka-a-a sesi bilen tanalýar.Ullakan kelleli, aýlawly çüňkli, goňrumtyl-gyzyl ýelekli, ak menekleri bolan totynyň bu görnüşi Täze Zelandiýanyň ada tokaýlarynda ýaşaýar.

Kaka köp babatda ýaşylymtyl-gyzyl ýelekli kea hem meňzeýär. Ýöne kealar diňe Täze Zelandiýanyň Günorta adasynda ýaşaýar.Häzirki wagtda kaka totularynyň 10 müň töwereginiň bardygy çaklanylýar.Haýwanat baglaryna bezeg berýän bu guşlar gülleriň nektary, agaçdaky gurçuklar, miwedir gozalar bilen iýmitlenýärler.

Piwakawaka.Täze Zelandiýanyň fantaili diýip atlandyrylýan bu kiçijik guş ýelpewaç şekilli guýrugy bilen ünsi özüne çekýär.Gyrymsy agaçlaryň şahalarynda bökjekleşýän bu guşlar, esasan, Täze Zelandiýanyň Günorta adasynda duş gelýär.

Piwakawaka sowuga çydamsyz bolup, adanyň iň kiçi guşy hasaplanýar.Boýnunda, gözüniň ýokarsynda ak menekleri bolan bu guş serçä çalym edýär.Olar çybyn, tomzak we möý ýaly mör-möjekler bilen iýmitlenýärler.

Ýene degişli makalalar

Iň gowy şäherler sanawy düzüldi
Dünýä Kubogy “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler
Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar
Dünýäde Täze ýyly ilki bolup, Kiribati garşylady
Radukanu tennise dolanýar
Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylaryna Özbegistana haryt geçirmegi gadagan etdiler