Ak gaplaň dünýä indi

Pişikler maşgalasynyň uly agzalarynyň biri bolan gaplaňlaryň birnäçe görnüşi bar.Olaryň arasynda Bengal gaplaňlary owadanlygy bilen tapawutlanýar. Ýyrtyjy jandaryň bu görnüşi Hindistanda, Nepalda, Butanda we Bangladeşde tebigy şertlerde ýaşaýar.

Emma bu jandarlar dünýäniň beýleki ýurtlarynyň haýwanat baglarynda hem idedilýär.Haýwanat baglarynda döredilen şertler dürli jandarlarlaryň köpeldilmegi üçin hem ähmiýetlidir.Nikaraguadaky haýwanat bagynda Bengal gaplaňynyň ak görnüşi dünýä indi.

Adatça, goňrumtyl-sary reňkli bolýan bu gaplaňlaryň possunynda ak we gara çyzyklar bolýar. Şeýle-de bolsa, Bengal gaplaňlarynyň arasynda seýrek ýagdaýda ak reňklisi gabat gelýär.Ak reňkli gaplaňlara Sibir gaplaňlarynyň arasynda hem duşmak bolýar.

Täze dünýä inen gaplaňa Nieves diýlip at berlipdir.Ol ispan dilinde gar diýmegi aňladýar.

The post Ak gaplaň dünýä indi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy 12-nji ýanwarda Pariž ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny biler
Futbol boýunça zenanlar ýygyndy toparymyzyň ýaryşdaky bäsdeşleri belli boldy
Grandala gögümtil we goňrumtyl guşlar
Janly tebigatyň milli muzeýinde dürli yklymlardan ýygnalan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň wekilleri bar
Diňe guşlar uçýarmy?!