Samsung smartfonlaryny indi özbaşdak bejerip bolýar

Samsung smartfonlaryny indi özbaşdak bejerip bolýar

Samsung we iFixit Galaxy S20-niň, S21-niň we Tab S7 Plus-yň eýelerine öz smartfonlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaga we özbaşdak bejermäge mümkinçilik berýän abatlaýyş maksatnamasyny işe girizdi.

Agzalan maksatnama boýunça abatlaýyş işleriniň görnüşleriniň çäklidigini bellemek gerek. Şol bir wagtda, Samsung welin gurluşlarynyň sanawyny we abatlaýyş işleriniň hilini geljekde giňeltmegi meýilleşdirýär.Samsung-yň berýän maglumatlaryna görä, ulanyjylar ekrany, yzky aýnany we zarýadkanyň portuny çalyşmak üçin bölekleri we gurallary satyn alyp bilerler.

Kompaniýanyň bahalar barada aýtmagyna görä, ulanyjylar ätiýaçlyk şaýlary üçin abatlaýyş boýunça hyzmatlary hödürleýänleriň" töleýän puluny tölär diýip belleýär.Mysal üçin, S20-niň displeýini ýygnamak 199,99 dollara düşer.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
Taryhda iň köp satylan ykjam telefon belli boldy
2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Samsung kompaniýasyna galp mahabat sebäpli 10 mln dollar jerime salyndy
Xiaomi 200-Mp-lik Samsung kameraly smartfon çykarar