2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary

Geçen ýyl dürli tehnologiýalar müşderilere ýetirildi. Pandemiýa döwründe bolsa, uzak aralykdan işlemek üçin täze hyzmatlar we tehnologiýalar ulanyjylara ýetirildi. 2023-nji ýylda hem adamlaryň işini ýeňilleşdirýän tehnologiýalar peýda bolar. Geliň, şu ýylda çykmagyna garaşylýan smartfonaryň birnäçesine syn edeliň!

Telefon bazarynda az sanly kompaniýa bazaryň uly bölegini eýeleýär. Şeýle bolansoň, köpleriň göwnünden turýan telefonlary hem bu kompaniýalar öndürýär. Bu ýyl, esasan, “Samsung Galaxy S23” seriýasy hem-de “iPhone 15” ýaly mobil enjamlaryň çykmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa, “Xiaomi”, “Google”, “One Plus” ýaly beýleki brendleriň hem çykarjak telefonlaryna we olaryň aýratynlyklaryna ulanyjylar sabyrsyzlyk bilen garaşarlar.

“iPhone 15”. Geçen ýylyň güýzünde “iPhone 14” smartfonyny satuwa çykaran “Apple”-iň bu ýylky nusgasynda “iPhone 15 ultra”-nyň has köp aýratynlygynyň bolmagyna garaşylýar.Bilermenleriň çaklamalaryna görä, bu telefon “Pro Max”-yň ýerine geçip biler we batareýasy has uzak zarýad saklar. Şeýle hem kamerasynyň “iPhone 15 Pro”-dan ýokary bolmagyna garaşylýar. “iPhone 15 Ultra”-nyň başlangyç bahasynyň 1299 dollar bolmagyna garaşylýar.

Seriýanyň iň arzan görnüşi bolan “iPhone 15”-iň bahasy 799 dollar bolar. “iPhone 15 ultra”-nyň ululygynyň 6,7 dýuým, “iPhone 15”-iň 6,1 dýuým, “15 Plus”-yň 6,7 dýuým, “iPhone 15 Pro”-nyň 6,1 dýuým bolmagyna garaşylýar.

“Galaxy S23”. Koreý brendiniň bu seriýasy ýylyň birinji çärýeginde peýda bolar.Kompaniýanyň esasy bäsdeşi smartfonlaryny güýzde çykarýan bolsa, “Samsung” bahar aýlarynda satuwa hödürleýär.Seriýadaky mobil enjamlar “Galaxy S23”, “Galaxy S23 Plus”we “Galaxy S23 Ultra” diýlip atlandyrylar. Çaklamalara görä, “Galaxy S23 Ultra”-nyň kamerasynyň durulygy 200MP bolar. Şeýle hem “Samsung” “Galaxy A54 5G”, “Galaxy Z Fold 5” eplenýän smartfonyny we beýleki orta derejeli telefonlaryň onlarça tapawutly görnüşini çykarar.

“Google Pixel Fold”. Şu ýyl “Google”-yň hem eplenýän telefon öndürmegine garaşylýar. Çaklamalara görä, maý aýynda “Google Pixel Fold” dükan tekjelerinde orun alar. Şeýle hem kompaniýanyň “Pixel 8” telefonyny hem çykarar.

“Huawei P60 Pro”. Geçen ýyl satuwa çykarylan “Huawei P50 Pro” kamera aýratynlyklary bilen köpleriň ünsüni çekipdi. 4 kameraly telefon esasan Hytaýda has köp satyldy. “Huawei P60 Pro” hem-de “Pro Plus”-yň ýakyn geljekde müşderilere ýetirilmegine garaşylýar.

“Xiaomi 13 Pro”. Bu telefon häzirki wagtda Hytaýda satylýar, emma şu ýylyň başynda dünýä bazaryna çykarylar. Telefon esasan gysga wagtda zarýad alýandygy we batareýasynyň çydamlydygy bilen tapawutlanýar.

Bulardan başga-da “OnePlus 11”, “Oppo Dragonfly”, “Nokia 10 PureView” ýaly telefonlar müşderileriň iň köp garaşýan modelleri bolar.

Ýene degişli makalalar

Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy
Hytaýda 240 Wt kuwwatly dünýäde iň çalt zarýad beriji dörediler
Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy
Ýuka hem çeýe smartfon öndürer