Time žurnaly 2021-nji ýylyň iň gowy oýlap tapyşlaryny yglan etdi

Time žurnaly 2021-nji ýylyň iň gowy oýlap tapyşlaryny yglan etdi

Time amerikan žurnaly 25-den gowrak ugur boýunça 2021-nji ýylyň iň gowy 100 oýlap tapyşyny neşir etdi. Bu barada neşiriň web sahypasyna salgylanyp, sostav.ru habar berdi.

Oýlap tapyşlaryň arasynda COVID-19-a we gyzdyrma garşy sanjymlar, hassahanadaky çagalaryň emosional goldawy üçin robot, jins matalary üçin ekologiýa taýdan arassa boýag we makaronyň täze formasy bar. Doly sanaw neşiriň web sahypasynda ýerleşdirildi.

“Goşundylar we soft” kategoriýasynda "Time"-yň žurnalistleri Neeva gözleg portalyny, Subdial howsala düwmesi programmasyny we MTA Live Subway Map interaktiw metro kartasyny saýladylar. Wirtual (VR) we giňeldilen (AR) hakykat bölüminde Lenovo ThinkReality A3 Smart we Qualcomm Snapdragon XR2 VR äýnekleri, şeýle hem AR režimli Google Maps görkezilýär.

Iň oňat gadjetlerden bolsa Paper Shoot Camera sanly kamerasy, Samsung Galaxy Z Flip3 eplenýän smartfon, Framework Laptop modully noutbuk, Vecnos IQUI akylly selfi taýagy we JLab JBuds Frames akylly äýnegi saýlandy.

Ýene degişli makalalar

AnTuTu iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň reýtingini täzeledi
Talyplar üçin iň gowy smartfonlar mälim edildi
Black Shark 4 Pro aprel aýynyň iň kuwwatly smartfony boldy
Aprel aýynyň iň öndürijilikli smartfonlary saýlandy
2022-nji ýylyň iň gowy android-smartfonlary kesgitlenildi
Samsung Galaxy S22-niň täze wersiýasy tanyşdyryldy