Black Shark 4 Pro aprel aýynyň iň kuwwatly smartfony boldy

Black Shark 4 Pro aprel aýynyň iň kuwwatly smartfony boldy

AnTuTu bençmarky şu ýylyň aprel aýy üçin iň kuwwatly flagman smartfonlarynyň sanawyny neşir etdi. TOP-10-yň ähli orunlary Qualcomm Snapdragon 888 prosessorly smartfonlara degişli boldy diýip, ufacitynews.ru habar berýär.

Sanawyň lideri 860 467 bal gazanan Black Shark 4 Pro smartfony boldy.Ikinji orunda 831 801 bal bilen Oppo Find X3 Pro smartfony, üçünji orunda 828 649 bal bilen Nubia Red Magic 6 Pro, dördünji orunda 826 004 bal bilen One Plus 9 Pro, bäşinji orunda 821 571 bal bilen Lenovo Legion ýerleşdi. Ýokary baha aralygyndaky iň kuwwatly Android smartfonlaryň onlugyna 815 884 bal bilen Vivo X60 Pro+, 815 589 bal bilen iQOO 7, 809 703 bal bilen OnePlus 9, 808 131 bal bilen Xiaomi Mi 11 Ultra we 801 900 bal bilen Xiaomi Mi 11 hem girdi.

Smartfonlar baradaky maglumatlar 1-nji aprelden 30-njy aprel aralygynda ýygnaldy.Sanawda her bir smartfonyň ortaça görkezijisi ulanyldy.Her bir smartfon üçin azyndan 1000 synagyň netijesi hasaba alyndy, az synagly modeller sanawa girizilmeýär.

Ýene degişli makalalar

AnTuTu iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň reýtingini täzeledi
Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy
Aprel aýynyň iň öndürijilikli smartfonlary saýlandy
AnTuTu bençmarky baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy smartfonlary saýlady
Sentýabr aýynyň jemi boýunça iň kuwwatly Android smartfonlary belli edildi
Noýabr aýy boýunça iň güýçli Android smartfonlary kesgitlenildi