AnTuTu maý aýy üçin iň kuwwatly smartfonlaryň reýtingini düzdi

AnTuTu maý aýy üçin iň kuwwatly smartfonlaryň reýtingini düzdi

AnTuTu bençmarkyny döredijiler programmalarynyň dokuzynjy wersiýasyny çykardylar hem-de iň kuwwatly smartfonlaryň täze reýtingini hödürlediler. Bu barada discover24.ru habar berýär.

Bu reýtingde birinji orny 12 Gb operatiw we 256 Gb içki ýady bolan Black Shark 4 Pro smartfony eýeledi.Ol synagda 830 022 bal gazandy.Ikinji we üçünji orunlarda 829 900 we 828 748 bal bilen Red Magic 6 Pro we OnePlus 9 Pro ýerleşdi.

Liderleriň üçlügindäki ähli smartfonlar Snapdragon 888 prosessoryna esaslanýarlar.Orta bahaly dewaýslaryň reýtinginde birinji orny Snapdragon 780G platformasyndaky Xiaomi Mi 11 Lite 5G enjamy eýeledi, onuň yzyndan Redmi 10X 5G (Dimensity 820) we Snapdragon 768G prosessorly IQOO Z3 ýerleşdi. Şeýlelik bilen, reýtingleriň ikisinde-de Xiaomi-niň gurluşlary liderlik edýär, sebäbi Black Shark bu hytaý öndürijisiniň brendidir.

Ýene degişli makalalar

Noýabr aýy boýunça iň güýçli Android smartfonlary kesgitlenildi
Iň öndürijilikli el telefony belli edildi
Aprel aýynyň iň öndürijilikli smartfonlary saýlandy
Black Shark 4 Pro aprel aýynyň iň kuwwatly smartfony boldy
AnTuTu bençmarky baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy smartfonlary saýlady
Sentýabr aýynyň jemi boýunça iň kuwwatly Android smartfonlary belli edildi