Sentýabr aýynyň jemi boýunça iň kuwwatly Android smartfonlary belli edildi

Sentýabr aýynyň jemi boýunça iň kuwwatly Android smartfonlary belli edildi

2-nji oktýabrda AnTuTu bençmarky Android operasion sistemasy bilen işleýän iň kuwwatly smartfonlaryň sentýabr aýy boýunça sanawyny neşir etdi. Reýting geçirilen synaglaryň ortaça netijeleri esasynda düzüldi. Bu barada www.ixbt.com habar berýär.

Birinji orny 857918 ortaça bal bilen Red Devils 6S Pro eýeledi, bu smartfon bir kristally Snapdragon 888+ sistemasynyň esasynda döredildi. Ikinji orunda ortaça 837715 bal gazanan Black Shark 4 Pro ýerleşdi. Bu gurluş Snapdragon 888 platformasy bilen enjamlaşdyryldy. Üçünji orny 836943 ortaça bal bilen Snapdragon 888+ çipsetli Vivo X70 Pro+ eýeleýär.

Dördünji orny, DisplayMate wersiýasy boýunça, smartfonlar üçin iň gowy ekrana eýe bolan iQOO 8 Pro eýeledi. Qualcomm Snapdragon 888+ prosessoryna esaslanýan bu smartfon ortaça 836410 bal gazandy. Liderleriň bäşligini 828509 bal bilen Asus ROG 5s jemleýär.

Ilkinji onluga giren smartfonlaryň ählisi Snapdragon 888 ýa-da Snapdragon 888+ prosessorlaryna esaslanýar. Altynjydan onunja çenli orunlary iQOO 8, OnePlus 9 Pro, OnePlus 9, Realme GT we Xiaomi Mix 4 eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Heniz çykmadyk Xiaomi 12 flagmany rekordlary täzeledi
Iň gowy kiçi smartfonlar belli boldy
Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy
Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy
AnTuTu iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň reýtingini täzeledi