Heniz çykmadyk Xiaomi 12 flagmany rekordlary täzeledi

Heniz çykmadyk Xiaomi 12 flagmany rekordlary täzeledi

DisplayMate barlaghanasynyň hünärmenleri Xiaomi 12 smartfonyna baha berdiler. Bu barada GizmoChina neşiri habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Žurnalistler brendiň täze smartfony barada ilkinji maglumatlary beren hytaý korporasiýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýunyň habaryna salgylanýarlar. Kompaniýanyň top-menejeriniň aýtmagyna görä, olaryň Xiaomi 12 flagmany DisplayMate barlaghanasynyň hünärmenleri tarapyndan synagdan geçirildi. Synaglaryň netijesi boýunça, enjam öňki panelleriň hili bilen baglanyşykly 15 rekordy täzeledi, ýöne anyk maglumatlar getirilmeýär. Dewaýs A+ reýtingini hem aldy.

Leý Szýun Xiaomi 12 smartfonynyň 16 ýagtylyk derejesine eýe bolan ýokary hilli AMOLED ekrany bilen tapawutlanýandygyny belledi. Gurluşyň öňdäki paneli berk Corning Gorilla Glass Victus aýnasy bilen goralýar. Bu telefon heniz çykarylmady.

Insaýderleriň aýtmagyna görä, ýylyň ahyrynda hytaý kompaniýasy täze flagman seriýasynyň üç smartfonyny hödürlär Xiaomi 12, 12 Pro we 12X. Bu enjamlar Qualcomm Snapdragon 8 Gen 1 prosessoryna esaslanyp, Android 12 operasion sistemasynyň esasynda MIUI 13-e eýe bolar. Flagmanlaryň anonsy 28-nji dekabra meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Xiaomi üýtgeşik ekranly smartfony hödürledi
Sentýabr aýynyň jemi boýunça iň kuwwatly Android smartfonlary belli edildi
EKRAN öndürmekde-de öňdebaryjy
“Akylly” sagatlaryny tanyşdyrdy
Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Hytaýda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň tejribesi bilen tanyşdylar