“Akylly” sagatlaryny tanyşdyrdy

“Akylly” sagatlaryny tanyşdyrdy

“Huami” brendi iki sany ykjam “akylly” sagadyny tanyşdyrdy. “Amazfit GTS 2 mini” hem-de “Amazfit POP” atly sagatlar arzan bahaly bolmagy bilen tapawutlanýar. “Amazfit GTS 2 mini” sagadynyň ululygy 1,55 dýuýma deň.

Goşar sagadynyň “Always on Display” aýratynlygy bolan enjam ulanyjynyň ýürek urşuny we ganyndaky kislorod mukdaryny hemişe ölçäp durýar.AMOLED ekranly sagadyň gabarasy alýuminden öndürilipdir. 5 atmosfera çenli basyşly suwa çydamly bolan sagadyň batareýasy 21 güne ýetýär.

Bu sagat gündelik durmuşdaky hereketleriň, maşklaryň we sport görnüşleriniň 70-den gowragyny hasaplaýar.Goşar sagadynyň bahasynyň 105 dollar boljakdygy mälim edildi.

“Amazfit POP sagady bolsa GPS aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Sagadyň 320x302 piksel durulygyndaky ekranynyň ululygy 1,43 dýuýma deň. Bu sagat 30-dan gowrak hereketiň hasabyny ýöredýär. Enjamyň bahasynyň 60 dollardygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

EKRAN öndürmekde-de öňdebaryjy
Heniz çykmadyk Xiaomi 12 flagmany rekordlary täzeledi
Sentýabr aýynyň jemi boýunça iň kuwwatly Android smartfonlary belli edildi
Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Hytaýda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň tejribesi bilen tanyşdylar
Hytaý-ýapon hyzmatdaşlygy