Iň gowy ekran iPhone 12 Pro Max

Dünýä boýunça tehnologiýa enjamlarynyň ekranlarynyň hilini barlaýan we umumy standart kämilleşdirýän DisplayMate -iň hünärmenleri Apple -iň soňky smartfonlaryndan ekrany iň uly we iň gymmady bolan iPhone 12 Pro Max-yň jikme-jik synag netijelerini çap etdiler. Bu smartfon 11 kategoriýa boýunça birbada iň ýokary bahany aldy. Ozal Apple kompaniýasynyň telefonlarynyň hiçisi bu derejä ýetip bilmändi.

IPhone 12 Pro Max -iň bäsdeşlerinden üstün çykan aýratynlyklarynyň arasynda reňk takyklygy, suratlaryň kontrasty, ekranyň doly ýagtylygy, tebigy ýagtylygyň kontrasty, displeýiň ýalpyldamaga garşy goragy, ähli nokatlardan seredeniňde ekrandaky şekliň durnuklylygy we başgalar bar. Kompaniýanyň ozalky telefony bolan IPhone 11 Pro Max bary-ýogy 9 kategoriýada, bir ýyl öň bolsa, iPhone XS Max 8 kategoriýada öňdeligi eýeläpdi.

Apple tarapyndan Super Retina XDR marketing ady bilen bazar çykarylan satylan iPhone 12 Pro Max -yň ekrany, iň ýokary ýagtylygy 1200 nit bolan we 2 milliondan bir reňk tapawutlylygyny öňe çykaryp bilýän OLED ekrany ulanýar.

DisplayMate gözden geçirişiniň netijelerine görä, enjama displeýiň hili üçin iň ýokary baha bolan A+ berildi we smartfonlaryň arasynda iň gowusy diýlip atlandyryldy.

The post Iň gowy ekran – iPhone 12 Pro Max appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Hytaý-ýapon hyzmatdaşlygy
Ekran önümçiliginde hyzmatdaşlygyny artdyrýar
EKRAN öndürmekde-de öňdebaryjy
Redmi dolulygyna OLED-ekrana geçýär
Kagyz ýaly eplenýän ekran
Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Hytaýda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň tejribesi bilen tanyşdylar