Kagyz ýaly eplenýän ekran

Samsung kompaniýasy Display Week 2022 atly çäräniň çäklerinde içine iki gezek eplenýän ekranyny we beýleki OLED tehnologiýalaryny köpçülige görkezdi. Edil kagyz ýaly eplenýän ekranlar geljekde ulanmak üçin has amatly telefonlaryň, planşetleriň, telewizorlaryň we beýleki enjamlaryň döredilmegine şert döreder. Kaliforniýada adaty usulda geçirilen çärede görkezilen eplenýän ekran Flex G OLED diýlip atlandyrylýar.

Şeýle hem çärede 6,7 dýuýmlyk uzalýan ekran tanyşdyryldy. Bu panel dikligine uzalýar. Bu bolsa, ekranyň ýüzündäki islendik zat okalanda ýeňillik döredýär.

Çäräniň çäklerinde ýene bir eplenýän ekran nusgasy görkezildi. Bu ekran islege görä, 8,1 dýuým ýa-da 12,4 dýuým ululygynda bolup bilýär.

Koreý brendi ýankompýuterler üçin dünýäniň ilkinji 240 Hz OLED ekranyny tanyşdyrdy. QHD durulygynda bolmagyna garaşylýan 15 dýuýmlyk panelde HDR10+ we Dolby Vision aýratynlyklarynyň bolmagyna hem garaşylýar.

Oguljennet Baýmuhammedowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Iň gowy ekran iPhone 12 Pro Max
Ekran önümçiliginde hyzmatdaşlygyny artdyrýar
EKRAN öndürmekde-de öňdebaryjy
Redmi dolulygyna OLED-ekrana geçýär
Hytaý-ýapon hyzmatdaşlygy
Türkmenistan we Russiýa täze parlamentara şertnamalaryna gol çekerler, 2-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berler, 28 30-njy iýun aralygynda Milli Gurban baýramy belleniler we beýleki habarlar