Ekran önümçiliginde hyzmatdaşlygyny artdyrýar

“Apple” kompaniýasynyň häzirki wagtda “iPhone 14” seriýasyna degişli smartfonlaryň ekranyny “Samsung” kompaniýasy öndürýär.Emma amerikan brendi “iPhone 14 Pro” smartfonlarda beýleki kompaniýalaryň ekranlaryny hem ulanýar.Indi ýokary aýratynlygy bolan bu smartfonyň ekranyny “LG Displays” kompaniýasy üpjün edýär.

Golaýda “Apple” bilen “LG Display” kompaniýalarynyň gepleşik geçirýändigi mälim edilipdi.Geçen aýyň ahyryndan bäri koreý kompaniýasy amerikan hyzmatdaşyna OLED ekranlaryny berip başlady. Şeýlelikde, häzirki wagtda öndürilýän “iPhone 14” smartfonlarynyň ekranlaryny üç kompaniýa “Samsung Display”, “LG Display” we Ýaponiýanyň BOE kompaniýalary üpjün edýär. “LG Display” kompaniýasy bolsa, “Apple” hyýaly hakykat (AR) gulaklygynyň kiçijik OLED ekranlaryny, iPad ekranlaryny we eplenýän panellerini hem öndürer.

Mälim bolşy ýaly, “Apple” kompaniýasy öz mobil enjamlarynyň önümçiligini beýleki kompaniýalara sargyt edýär.

Hudaýberdi Öwezberdiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Hytaý-ýapon hyzmatdaşlygy
EKRAN öndürmekde-de öňdebaryjy
Redmi dolulygyna OLED-ekrana geçýär
Kagyz ýaly eplenýän ekran
Iň gowy ekran iPhone 12 Pro Max
“Samsung” ilkinji 5K monitoryny tanyşdyrdy