Iň gowy kiçi smartfonlar belli boldy

Iň gowy kiçi smartfonlar belli boldy

“Android Central” neşiriniň žurnalistleri ykjam forma faktorly iň gowy smartfonlary saýladylar. Bu barada neşiriň saýtynda habar berilýär diýip, lenta.ru belleýär.

Media awtorlary soňky birnäçe ýylda uly smartfonlaryň pudagyň kadasyna öwrülendigini belleýärler. Muňa garamazdan ulanyjylaryň köpüsi kiçi enjamlary ulanmagy has oňaýly hasaplaýar. Şol sebäp bilen hünärmenler iň amatly ykjam telefonlary saýladylar. Neşiriň habaryna görä, iň gowy gurluş Google Pixel 6 boldy. “Smartfonyň baha we hil gatnaşygy ähli talaplara laýyk gelýär” diýip, awtorlar belleýär.

Iň gowy eplenýän smartfon Samsung Galaxy Z Flip 3 boldy, žurnalistler oňa düýpli aýratynlyklary, awtonom iş wagty we ýokary hilli kamerasy üçin baha berdiler. Iň ykjam gurluş Asus Zenfone 8 boldy enjam 5,9 dýuým ekrana, Snapdragon 888 prosessoryna, IP68 standarty boýunça suwdan goraga eýedir.

Apple ulanyjylary üçin awtorlar üçünji nesil iPhone SE smartfonyny saýlamagy maslahat berdiler, ol 4,7 dýuým ekrana we 5G eýe. Reýtingiň iň elýeterli gajeti 200 dollara düşýän Moto G Fast boldy.

Ýene degişli makalalar

Sentýabr aýynyň jemi boýunça iň kuwwatly Android smartfonlary belli edildi
Android Police portaly ýylyň iň gowy smartfonlaryny aýtdy
Dünýädäki iň kuwwatly Android smartfonlary belli boldy
Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy
Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy
Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy