2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi

2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi

Android Police portalynyň redaksiýasy 2022-nji ýylyň iň gowy alty sany Android smartfonyny saýlady. “Redaksiýanyň saýlany” kategoriýasynda ýeňiş we birinji orun Snapdragon 8 Gen 1 çipsetine esaslanýan Samsung Galaxy S22 Ultra smartfonyna degişli boldy diýip, gazeta.ru salgylanyp, Trend habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu smartfon S Pen stiluslary bolan Galaxy Note smartfon hatarynyň iň gowy aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Bu flagmanyň artykmaçlyklarynyň arasynda öňdebaryjy displeý we premium ýygnama hili bellenilýär. Şeýle-de bolsa, toplumda zarýad berijiniň ýoklugy, smartfonyň bahasy we ölçegi ulanyjylary biynjalyk edip biler.

“Iň gowy baha we hil gatnaşygy” kategoriýasynda Google Pixel 6 smartfony ýeňiş gazandy.Portalyň redaksiýasy ony ikinji orunda ýerleşdirdi.Onuň artykmaçlyklaryna esasy kameradan alynýan suratlaryň hiliniň ýokary bolmagy, ýokary öndürijilik derejesi, Android 12 we öndüriji tarapyndan bäş ýyl programma üpjünçiliginiň goldawy degişli.

Smartfona teleobýektiwiň ýetmeýändigi hem-de käbir ýagdaýlarda kameranyň fotografiýalarda ýalpyldy “tutýandygy” bellenilýär.Onuň kem tarapyna işleýiş tizligi boýunça bäsdeşlerinden yza galýan barmak yzyny skanerleýji hem goşuldy.

Bahasynyň ýokarydygyna, frontal kameradan alynýan suratlaryň hiliniň ortaçadygyna we awtonom iş wagtynyň ortaçadygyna garamazdan, “Premium gajet” kategoriýasynda ýeňiş we üçünji orun eplenýän Samsung Galaxy Z Fold3 smartfonyna degişli boldy.

Ol hem smartfonyň, hem planşetiň ornuny tutup bilýär.Snapdragon 888 çipseti we 12 GB operatiw ýat arkaly onuň öndürijiligi-de ýokarydyr.Portalyň redaksiýasy onuň içerki we daşarky displeýine, şeýle-de 2025-nji ýyla çenli howpsuzlyk meýilnamasynda kepillendirilen programma üpjünçiligine gowy baha berdi.

2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlarynyň sanawyna Google Pixel 6a, Samsung Galaxy Z Flip3 we Pixel 6 Pro hem girip, olar degişlilikde 4, 5 we 6-njy orunlary eýelediler.

Ýene degişli makalalar

Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy
Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy
Android Police portaly ýylyň iň gowy smartfonlaryny aýtdy
“Nokia” täze smartfonyny hödürledi
Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar