Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy

Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy

AnTuTu saýtynda Android operasion sistemasynyň dolandyrmagynda işleýän iň öndürijilikli subflagman smartfonlaryň iýun aýy üçin reýtingi neşir edildi. Bu sanawda öňdäki orunlary Mediatek kompaniýasynyň çipsetleri bilen üpjün edilen gajetler eýeledi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Birinji orny 823 müň bal ortaça görkeziji bilen Oppo Reno 8 Pro+ smartfony eýeledi. 1-nji iýunda Hytaýda satuwa çykarylan smartfon Mediatek Dimensity 8100 Max çibi bilen enjamlaşdyryldy.Ikinji we üçünji orunlarda Dimensity 8100 prosessoryna eýe bolan Redmi K50 we Redmi Note 11T Pro+ smartfonlary ýerleşdi.

Liderleriň üçlüginden soň Vivo S15 Pro, Realme GT Neo3, One Plus 10 Ace-iň iki wersiýasy, Redmi Note 11T Pro we Oppo K10 5G gelýär bu smartfonlaryň ählisi 8000 seriýaly Mediatek çipleri bilen işleýär.

Reýtingi Vivo S15 jemleýär bu iň kuwwatly subflagman smartfonlaryň onlugyna giren Qualcomm çipseti bilen işleýän ýeke-täk smartfon.Onuň öndürijiligine 2021-nji ýylyň başynda hödürlenen Snapdragon 870 jogap berýär.

Ýene degişli makalalar

AnTuTu iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň reýtingini täzeledi
Dünýädäki has öndürijilikli gymmat bolmadyk Android smartfonlarynyň reýtingi düzüldi
AnTuTu oktýabr aýynda iň güýçli Android smartfonlarynyň sanawyny neşir etdi
Aprel aýynyň iň öndürijilikli smartfonlary saýlandy
2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Hytaýda 240 Wt kuwwatly dünýäde iň çalt zarýad beriji dörediler