Aprel aýynyň iň öndürijilikli smartfonlary saýlandy

Aprel aýynyň iň öndürijilikli smartfonlary saýlandy

Meşhur AnTuTu bençmarky şu ýylyň aprel aýyndaky öndürijilikli smartfonlaryň reýtingini neşir etdi. Netijeler flagman enjamlary, subflagmanlar we orta derejedäki gurluşlar kategoriýasynda görkezildi.

Geçen aýyň jemi boýunça lider 1 062 747 bal netijäni görkezen Black Shark 5 Pro oýun smartfony boldy.Onuň yzyndan 1 032 494 we 1 023 934 bal bilen Red Magic 7 Pro we Lenovo Legion Y90 gelýär.

Belläp geçsek, iň kuwwatly on gurluşdan dokuzysy Qualcomm Snapdragon 8 Gen 1 prosessoryny ulanýar. Ýene bir model Vivo X80 bolsa (dördünji orun) MediaTek Dimensity 9000 çibine esaslanýar.Subflagman kategoriýasynda birinji orny Dimensity 8100 platformasyna esaslanýan Redmi K50 eýeledi.

Onuň görkezen netijesi 814 032 bal boldy.Ikinji orunda Realme GT Neo3 ýerleşdi.Bu sanawa Snapdragon 870 prosessory bilen işleýän ýedi model girýär. Üçünji orun 732 müň bal bilen iQOO Neo5 smartfonyna degişli.

Onuň yzyndan Snapdragon 870 çibi bilen Realme GT Neo2, Realme GT Master Explorer Edition, iQOO Neo5 SE, OPPO Reno6 Pro+ 5G, iQOO Neo5 we OPPO Find X3 gelýär.Dimensity 1200 Al bilen Realme GT Neo2T onunjy orunda ýerleşip, reýtingi jemleýär.

Orta derejedäki smartfonlar barada aýdylanda, bu ýerde birinji orun Snapdragon 778G çipli QOO Z5-e degişli.Gurluş 572 188 bal gazandy.

Ýene degişli makalalar

Dünýädäki has öndürijilikli gymmat bolmadyk Android smartfonlarynyň reýtingi düzüldi
Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy
AnTuTu iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň reýtingini täzeledi
Black Shark 4 Pro aprel aýynyň iň kuwwatly smartfony boldy
AnTuTu oktýabr aýynda iň güýçli Android smartfonlarynyň sanawyny neşir etdi
AnTuTu bençmarky baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy smartfonlary saýlady