Iň öndürijilikli el telefony belli edildi

Iň öndürijilikli el telefony belli edildi

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasynyň Black Shark 4S Pro smartfony eýýäm ikinji aýdyr, iş öndürijiligi babatda sanawda öňdeligi bermän gelýär, sanaw ykjam telefonlaryň iş tizligini barlagdan geçirýän programmany işläp düzüjiler tarapyndan düzülýär.

Android ulgamynda işleýän iň güýçli Xiaomi Black Shark 4S Pro smartfony Snapdragon 888+ prosessory, 16 gigabaýt iş we 512 gb oturdylan ýady bilen üpjün edilipdir. Ol 875 müň utuk gazandy. Sanawda ikinji we üçünji orunlary degişlilikde ZTE Nubia Red Magic 6S Pro we Vivo iQOO 8 Pro smartfonlary eýeledi.

Sanawda ilkinji onluga giren smartfonlaryň ählisiniň Qualcomm amerikan kompaniýasynyň prosessorlarynda işleýändigi bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Sentýabr aýynyň jemi boýunça iň kuwwatly Android smartfonlary belli edildi
Noýabr aýy boýunça iň güýçli Android smartfonlary kesgitlenildi
Aprel aýynyň iň öndürijilikli smartfonlary saýlandy
AnTuTu maý aýy üçin iň kuwwatly smartfonlaryň reýtingini düzdi
AnTuTu bençmarky baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy smartfonlary saýlady
Black Shark 4 Pro aprel aýynyň iň kuwwatly smartfony boldy