Noýabr aýy boýunça iň güýçli Android smartfonlary kesgitlenildi

Noýabr aýy boýunça iň güýçli Android smartfonlary kesgitlenildi

AnTuTu meşhur mobil bençmarkynyň topary iň güýçli Android smartfonlarynyň täze reýtingini paýlaşdy. Bu barada bençmarka salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Noýabr aýy boýunça düzülen reýtingde birinji orny Black Shark 4S Pro eýeledi.Bellemeli zat, bu smartfon geçen aýda hem öňdebaryjy bolupdy.Enjam 16 Gb operatiw ýady bolan Snapdragon 888+ çipi bilen işleýär.

Bu smartfon reýtingde 875,382 bal gazanmagy başardy.Ikinji ýerde Red Magic 6S Pro ýerleşdi.Ilkinji üçlügi bolsa iQOO 8 Pro jemledi.Dördünji orunda Snapdragon 888 prosessorly Black Shark 4 Pro bar.

Sanawa vivo X70 Pro+, ASUS ROG Phone 5S, iQOO 8, Legion Phone Duel 2, OPPO Find X3 Pro we Realme GT hem goşulmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Tesla markaly smartfon öndürip başlar
Iň çalt işleýän smartfonlaryň reýtingi täzelendi
Sentýabr aýynyň jemi boýunça iň kuwwatly Android smartfonlary belli edildi
Aprel aýynyň iň öndürijilikli smartfonlary saýlandy
AnTuTu bençmarky baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy smartfonlary saýlady
AnTuTu maý aýy üçin iň kuwwatly smartfonlaryň reýtingini düzdi