Iň çalt işleýän smartfonlaryň reýtingi täzelendi

Iň çalt işleýän smartfonlaryň reýtingi täzelendi

AnTuTu bençmarky 2021-nji ýylyň iýun aýy üçin “Androidiň” iň çalt işleýän flagman smartfonlarynyň dünýä reýtingini tanyşdyrdy. Sanawda birinji ýeri "Nubia Red Magic 6" smartfony eýeledi. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

"Nubia Red Magic 6" smartfony 842,168 bal bilen reýtingde "ROG Phone 5"-den, "iQOO 7"-den we beýlekilerden öňe geçdi.Bu bolsa mundan bir aý öň birinji orny eýelän “Realme GT”-den 20,000 bal köpdür. “Red Magic 6”-da 16 Gb RAM we 256 Gb içerki ýat bilen üpjün edilen “Snapdragon 888” prosessory oturdylandyr. Şeýle hem, smartfon 165 Hz ýygylykly ekran bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýeri gelende bellesek, bäsdeş smartfonlarda has köp duşýan prosessor “Snapdragon 888” boldy.

Sebäbi AnTuTu reýtingindäki ähli smartfonlar bu prosessorda işleýär diýip, çeşme habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Noýabr aýy boýunça iň güýçli Android smartfonlary kesgitlenildi
Ilon Mask Tesla markaly smartfon öndürip başlar
Dünýädäki has öndürijilikli gymmat bolmadyk Android smartfonlarynyň reýtingi düzüldi
AnTuTu bençmarky baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy smartfonlary saýlady
Dünýädäki iň kuwwatly Android smartfonlary belli boldy
AnTuTu iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň reýtingini täzeledi