Ilon Mask Tesla markaly smartfon öndürip başlar

Ilon Mask Tesla markaly smartfon öndürip başlar

Internetde Ilon Mask tarapyndan öndüriljek Tesla markaly smartfonyň ilkinji suratlary peýda boldy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Tesla Phone diýlip atlandyryljak bu smartfon ýörgünli burçly dizaýna we öňdebaryjy satyjylaryň enjamlaryndan pes bolmadyk flagman aýratynlyklaryna eýe bolar. Tesla Phone-da "görünmeýän kamera" bolar diýlip çaklanylýar - bu enjamyň şekilleriniň birinde "Invisible camera" ýazgysy bilen görkezilýär. Smartfon aňyrsy görünýän ýa-da garaňkyradylan görnüşde bolup bilýän elektrohromly aýna eýe bolar, şonda kamera onuň aşagynda hakykatdanam görünmez.

Mälim bolşy ýaly şeýle aýna eýýäm sport awtoulaglarynda ulanylýar we ol OnePlus Concept One smartfonynda hem görkezilipdi.

Smartfonyň aýratynlyklary barada aýtsak, Tesla Phone-yň Snapdragon 898 çipine esaslanýandygy, 4k ekran, esasysy 108 megapiksel datçikli üç sany arka kamerasy we 2 TB göwrüme çenli ýat bilen enjamlaşdyrylandygy habar berildi. Onuň bahasynyň näçeräk boljakdygy heniz mälim edilmedi.

Ýene degişli makalalar

Iň çalt işleýän smartfonlaryň reýtingi täzelendi
Noýabr aýy boýunça iň güýçli Android smartfonlary kesgitlenildi
Samsung smartfonlarynyň täze tapgyryny AI Phone diýip täzeçe atlandyrmagy mümkin
“Galaxy Note20 Ultra” : iň gowy ekranly telefon