Dünýäniň iň öndürijilikli smartfonlarynyň reýtingi täzelendi

Dünýäniň iň öndürijilikli smartfonlarynyň reýtingi täzelendi

“AnTuTu” smartfonlaryň ýene bir reýtingini taýýarlady. Bu gezek meşhur bençmark dünýäniň iň öndürijilikli smartfonlarynyň sanawyny tanyşdyrdy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Şeýlelikde, 657 784 utuk toplan Huawei Mate 40 Pro dünýä reýtinginiň öňüni çekdi.Bu smartfonyň “Kirin 9000” prosessory bilen işleýändigi mälimdir.Reýtingde ikinji ýeri 646 016 bal bilen iQOO Neo3 eýeledi, Asus ROG Phone 3 bolsa 630,307 utuk bilen ilkinji üçlügi jemledi. Şeýle hem sanawda Oppo Find X2, Galaxy Note20 Ultra 5G, OnePlus 8 Pro, Xiaomi Mi 10T Pro 5G, Black Shark 3, Galaxy S20 FE 5G we Poco F2 Pro ýaly smartfonlara orun berildi. Öň Tmcars.info Google Pixel 4a smartfonynyň 2020-nji ýylyň iň berk telefony hökmünde ykrar edilendigini habar beripdi.

Bu reýtingde OnePlus Nord smartfony ýylyň iň çydamsyz smartfony diýlip hasap edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy
2022-nji ýylyň iň gowy telefonlary
Dünýäniň iň güýçli smartfony hödürlendi
2021-nji ýylyň iň kuwwatly batareýaly 3 smartfony
“Galaxy Note20 Ultra” : iň gowy ekranly telefon
Noýabr aýy boýunça iň güýçli Android smartfonlary kesgitlenildi