2022-nji ýylyň iň gowy telefonlary

“9to5Google” internet saýty okyjylaryndan iň gowy telefonyň haýsydygyny sorapdyr. Ýylyň tamamlanmagynyň öňýanynda geçirilen pikir soralyşykda sanawa 27 telefon girizilip, şolardan birine ses berilmegi soraldy.Sanawa “iPhone” smartfonlary girizilmändir.

Saýtyň ulanyjylary “Google Pixel 7 Pro” smartfonyna has köp ses berdiler.Bu telefon mundan ozal hem birnäçe pikir soralyşykda iň gowy kameraly telefon saýlanypdy.Sanawda ikinji orny “Pixel 7” aldy. “Samsung Galaxy S22 Ultra” üçünji, “Pixel 6a” dördünji, “Nothing Phone” bäşinji boldy.

Mundan ozal tehnologiýa degişli habarlary taýýarlaýan Markes Brownli hem iň gowy kameralary anyklamak üçin pikir soralyşyk geçiripdi.Bu ses berlişikde “Google”-yň “Pixel 6A” telefony birinji bolupdy. “Google Pixel 7 Pro” ikinji, “Asus Zenfone 9” üçünji bolupdy.

Aýgül Aratjanowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

“Galaxy Note20 Ultra” : iň gowy ekranly telefon
Dünýäniň iň öndürijilikli smartfonlarynyň reýtingi täzelendi
Dünýäniň iň güýçli smartfony hödürlendi
2021-nji ýylyň iň kuwwatly batareýaly 3 smartfony
“Apple” Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy
iPhone SE 2022 flagman Android smartfonlaryndan has kuwwatly bolar