iPhone SE 2022 flagman Android smartfonlaryndan has kuwwatly bolar

iPhone SE 2022 flagman Android smartfonlaryndan has kuwwatly bolar

Apple-iň täze iPhone SE (2022) smartfony iPhone 13 ýaly A15 Bionic prosessory bilen enjamlaşdyryldy, bu hem Apple-iň 2022-nji ýyldaky iň arzan smartfonynyň hem Android flagmanlaryndan ýokary boljakdygyny aňladýar diýip, PhoneArena ýazýar.

iPhone SE (2022) hatda Samsung Galaxy S22 Ultra flagman smartfonyndan hem ýokary bolup biler. Subutnama hökmünde iPhoneArena şeýle çyzgyny getirýär:

iPhone SE (2022) hem iPhone 13 ýaly 6 ýadroly CPU, 4 ýadroly GPU, 16 ýadroly prosessor Neural Engine we 4 GB operatiw ýat bilen üpjün edildi. Şonuň üçinem şolar ýaly öndürijilige garaşmak bolar.

Ýene degişli makalalar

“Apple” Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy
2022-nji ýylyň iň gowy telefonlary
Samsung smartfonlaryna bütin dünýäde isleg azalýar
Samsung smartfonlarynyň täze tapgyryny AI Phone diýip täzeçe atlandyrmagy mümkin
Bill Geýts haýsy smartfony halaýandygyny aýtdy