Samsung smartfonlarynyň täze tapgyryny AI Phone diýip täzeçe atlandyrmagy mümkin

Samsung smartfonlarynyň täze tapgyryny AI Phone diýip täzeçe atlandyrmagy mümkin

Internet saýtlarynda habar berilmegine görä, Samsung kompaniýalar topary 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda hödürlenjek indiki smartfon tapgyrlarynyň adyny üýtgedip biler. Kompaniýa smartfon sözüniň ýerine AI phone ýa-da Emeli aňly telefon adalgalaryny ulanmagy meýilleşdirýär diýip, RuNews24.ru saýty habar berýär.

Täze Galaxy S24 tapgyry nerw aragatnaşyk we emeli aň bilen baglanyşykly köpsanly aýratynlyklar bilen üpjün ediler. Internet çeşmeleri bu enjamlardaky AI tehnologiýasynyň işleýiş derejesiniň şeýle ýokarydygyny, ony indi smartfon diýip atlandyrmagyň bärden gaýdýandygy baradaky pikiri öňe sürýärler.

Samsung täze adyň emeli aň boýunça kompaniýanyň öňdebaryjy orunda durýandygyny görkezjekdigine we bäsdeşlerinden görnetin tapawutlanmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirýär.

Deslapky maglumatlara görä, täze Samsung Galaxy S24 tapgyrynyň bahasy, takmynan, ozalkylar ýaly bolar.

Ýene degişli makalalar

Samsung smartfonlaryna bütin dünýäde isleg azalýar
2022-nji ýylyň iň gowy telefonlary
Bill Geýts haýsy smartfony halaýandygyny aýtdy
“Apple” Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy