Dünýäniň iň güýçli smartfony hödürlendi

Dünýäniň iň güýçli smartfony hödürlendi

Asus şereketi ROG Phone 5 atly oýun smartfonlarynyň birnäçesini hödürledi. Bu barada kompaniýanyň maglumatlaryna salgylanyp, The Verge web sahypasy habar berdi.

Enjamlar 2448x1080 piksel ölçegde 6,78 dýuýmlyk AMOLED ekrany bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu smartfonlar HDR10 tehnologiýasyny hem goldaýar we iň ýokary 144 gigagers tizlikde işleýär. Enjamlaryň ekrany Corning Gorilla Glass Victus gorag aýnasy bilen örtülendir we onda ösen Snapdragon 888 prosessorda gurlandyr.

Yzky panelde 64, 13 we 5 megapiksel obýektiwli üç kamera oturdylan smartfonlar 65 wattlyk çalt kuwwatlandyrylma (zarýad bermek) ukybyna eýe bolan 6000 mAh kuwwatly goşa batareýa bilen enjamlaşdyrylandyr.

Esasy model - ROG Phone 5 azyndan 8 gigabaýtlyk RAM göterijisi we 128 gigabaýtlyk maglumat saklaýjy ýady bilen üpjün edilendir.

ROG Phone 5 Pro asyl görnüşinden 16 gigabaýtlyk RAM göterijisi we 512 gigabaýtlyk maglumat saklaýjy ýady bilen tapawutlanýar.

Ösen enjam — ROG Phone 5 Pro Ultimate dünýäniň iň güýçli smartfony hasaplanýar. Bu modelde 18 gigabaýtlyk RAM göteriji we 512 gigabaýtlyk maglumat saklaýjy ýat bar. Şeýle-de bolsa, Asus şereketiniň bu ösen modeli dünýä bazarynda 18 gigabaýtlyk RAM göterijisi bilen ýeke-täk smartfon däl.

Şu aýyň başynda ZTE şereketiniň 18 we 512 gigabaýtlyk maglumat saklaýjy ýady bolan RedMagic markaly RedMagic 6 we RedMagic 6 Pro enjamlary çykdy. Ýöne, muňa garamazdan öňdebaryjy Asus modelleri, esasy görnüşden yzky panele goşundy programmirläp bolýan PMOLED ekranynyň bolmagy bilen tapawutlanýar.

ROG Phone 5 Pro reňkli sensor, ROG Phone 5 Pro Ultimate bolsa monohrom ekran bilen enjamlaşdyrylandyr.

Bäşinji nesil ykjam aragatnaşyk ulgamlarynyň işini goldaýan oýun enjamlarynyň ekranlaryna barmak yzy sensory oturdyldy. Onda NFC tehnologiýasy we gulaklyk dakylýan ýer bar. Ulanyjynyň islegine baglylykda, bu smartfonlarda oýunlar wagtynda enjamy işjeň sowatmaklyk üçin niýetlenilen AeroActive Cooler 5 ýelpewajy (wentilýatory) bar.

ROG Phone 5 enjamlarynyň iň pes bahasy 800 ýewrodyr. ROG Phone 5 Pro we ROG Phone 5 Pro Ultimate modelleriniň bahasy degişlilikde 1200 ýewro we 1300 ýewro barabardyr. Bu smartfonlaryň maý aýynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

2021-nji ýylyň iň kuwwatly batareýaly 3 smartfony
“Galaxy Note20 Ultra” : iň gowy ekranly telefon
2022-nji ýylyň iň gowy telefonlary
Dünýäniň iň öndürijilikli smartfonlarynyň reýtingi täzelendi
Noýabr aýy boýunça iň güýçli Android smartfonlary kesgitlenildi
Ilon Mask Tesla markaly smartfon öndürip başlar