2021-nji ýylyň iň kuwwatly batareýaly 3 smartfony

2021-nji ýylyň iň kuwwatly batareýaly 3 smartfony

Adatça, smartfonyň batareýasy näçe uly bolsa, ol bir gezek zarýad berlenden soň uzak wagtlap işleýär. Şoňa görä-de, täze telefon saýlananda, onuň batareýasynyň kuwwatyna üns bermek zerur. Entek ýylyň ahyry däldigine garamazdan, köp sanly önüm öndürijiler güýçli akkumultaýorlary bilen tapawutlanýan täze smartfonlaryny hödürleýärler. Muny hi-tech.mail.ru habar berýär.

Asus ROG Phone 5 Bu önüm ýylyň iň kuwwatly smartfonlarynyň iň gowusy hasaplanýar. 65 watlyk HyperCharge tiz zarýad berýän ulgam bary-ýogy 50 minutda zarýady 100 göterime çenli doldurýar. Ol ortaça iki güne ýetýär.

Samsung Galaxy F62 Bu görnüş hem kuwwatly akkumulýatorly smartfonlaryň arasynda öňe saýlanýar. Batareýasynyň örän uludygy sebäpli, ony doldurmak üçin 2 sagat gerek bolýar.

Lenovo Legion 2 Pro Bu oýun telefonynyň 6,9 dýuýmlyk AMOLED ekrany we 8 ýadroly prosessory bolup, onuň zarýady ýarym güne çenli saklanýar. 90 watlyk zarýad beriji enjamy batareýanyň energiýasynyň ýarysyny 12 minutda doldurýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň güýçli smartfony hödürlendi
2022-nji ýylyň iň gowy telefonlary
Dünýäniň iň öndürijilikli smartfonlarynyň reýtingi täzelendi
“Galaxy Note20 Ultra” : iň gowy ekranly telefon
Acer, Asus, Lenovo we MSI kompaniýalaryna gadaganlyk howp salýar
Ilkinji 5G-li kompýuter