Dünýädäki iň kuwwatly Android smartfonlary belli boldy

Dünýädäki iň kuwwatly Android smartfonlary belli boldy

AnTuTu bençmarky 2022-nji ýylyň mart aýy üçin dünýädäki iň kuwwatly Android smartfonlarynyň onlugyny hödürledi. Täze reýtingde 2022-nji ýylyň mart aýynda toplanan maglumatlar ulanyldy. Sanawda iň ýokary bal däl-de, ortaça ballar görkezilýär.

Birinji orny ortaça 981 496 bal bilen Xiaomi 12 Pro, ikinji orny Motorola Edge 30 Pro, üçünji orny Realme GT2 Pro eýeledi.

Belläp geçsek, bu aýyň sanawyndaky 10 sany flagman modeliniň ählisi 2022-nji ýylyň iň täze prosessory bilen üpjün edildi. Snapdragon 8 Gen 1 4nm tehnologiýasy bilen gurnaldy. Reýtingde MediaTek Dimensity 9000 bilen enjamlaşdyrylan ýekeje-de smartfon ýok, ýöne ol hem 4 nm tehnologik proses bilen döredilipdi.

Ýene degişli makalalar

Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy
AnTuTu bençmarky baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy smartfonlary saýlady
Aprel aýynyň iň öndürijilikli smartfonlary saýlandy
AnTuTu iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň reýtingini täzeledi
Samsung kompaniýasy howpsuzlyk ulgamy güýçlendirilen Galaxy Quantum2 smartfony bilen tanyşdyrdy
Xiaomi bir minutda 35 müňden gowrak Mi Mix Fold smartfonyny satdy