Xiaomi bir minutda 35 müňden gowrak Mi Mix Fold smartfonyny satdy

Xiaomi bir minutda 35 müňden gowrak Mi Mix Fold smartfonyny satdy

Ýakynda Xiaomi kompaniýasy 2021-nji ýylyň mart aýynyň ahyrynda anons edilen eplenýän Xiaomi Mi Mix Fold flagman smartfonunyň resmi satuwyna başlady. Gajet bazarda çalt meşhurlyk gazandy diýip, sm.news habar berýär.

Ýakynda Xiaomi satuw hasabatyny neşir etdi we netijede, kompaniýanyň bir minutda 35 müň Mix Fold smartfonuny satandygy we 60 mln dollardan gowrak gazanandygy belli boldy. Ýatlap geçsek, gurluş paneli zeper ýetmekden goraýan, korpusyň içine eplenýän AMOLED ekrany bilen üpjün edilendir.

Ekranyň ululygy 8,01 dýuým, ölçegi 2480 x 1860 piksel.Açylan ýagdaýynda gajet kiçiräk planşete öwrülýär, ýygnalanda adaty smartfon görnüşine gelýär.Enjam platformasy 8 ýadroly Qualcomm Snapdragon 888 prosessoryna esaslanýar.

Smartfon 67-Wt çalt zarýad bermegi göterýän 5020 mA/sag sygymly akkumulýator batareýasyna we esasy 108 MP sensor, 13 MP ultra giň burçly modul bolan we 3 esse optika hem-de 30 esse sanly zum bilen 8 MP datçikli üç komponentli kamera eýe.

Belläp geçsek, Xiaomi Mix Fold bu fokus aralygyny üýtgetmäge mümkinçilik berýän suwuk linzaly ilkinji smartfon.

Ýene degişli makalalar

Xiaomi 17 minutda zarýad alýan smartfony hödürledi
Heniz çykmadyk Xiaomi 12 flagmany rekordlary täzeledi
Samsung kompaniýasy howpsuzlyk ulgamy güýçlendirilen Galaxy Quantum2 smartfony bilen tanyşdyrdy
Samsung 11-nji awgustda täze smartfonlary, smart sagatlary we gulaklyklary hödürlär
Samsung Galaxy S22-niň täze wersiýasy tanyşdyryldy
“Nokia” täze smartfonyny hödürledi