Samsung 11-nji awgustda täze smartfonlary, smart sagatlary we gulaklyklary hödürlär

Samsung 11-nji awgustda täze smartfonlary, smart sagatlary we gulaklyklary hödürlär

Samsung kompaniýasynyň tomusky tanyşdyrylyş dabarasynyň awgust aýynda geçiriljekdigi baradaky habar tassyklandy. Kompaniýa diňe bir çäräniň senesini däl, eýsem şol gün anons ediljek täze önümleriň sanawyny görkezýän resmi mahabat tizerini neşir etdi. Bu barada 3dnews.ru habar berýär.

Postere laýyklykda, nobatdaky Galaxy Unpacked tanyşdyrylyş dabarasy 11-nji awgusta meýilleşdirilýär. Şol gün kompaniýa Galaxy Z Fold 3 we Galaxy Z Flip 3 eplenýän smartfonlary, Galaxy Watch 4 smart sagatlaryny we Galaxy Buds 2 simsiz gulaklyklaryny hödürlär.

Galaxy Z Fold 3 smartfonunyň 120 Gs kadr ýygylykly hem-de diagonaly 6,23 we 7,55 dýuým bolan iki sany Super AMOLED ekranyna eýe bolmagyna garaşylýar.Mundan başga-da, gurluş üç esasy kamera we ekranasty frontal kamera eýe bolar diýlip çaklanylýar.

Galaxy Z Flip 3, internet çeşmeleriniň habar bermegine görä, Snapdragon 888 prosessory, 25 Wt simli zarýad berme we 15 Wt simsiz zarýad berme bilen sygymy 3300 mA/sag bolan akkumulýator batareýasy, şeýle-de 6,9 we 1,9 dýuým AMOLED ekranlary bilen üpjün ediler.

Täze nesliň Galaxy Watch akylly sagady iki wersiýada çykar: Galaxy Watch 4 we Galaxy Watch 4 Classic.Gurluşlar iki ölçegde elýeterli bolarlar Galaxy Watch 4 üçin 40 mm we 44 mm, Galaxy Watch 4 Classic üçin 42 mm we 46 mm.

Sagatlar ulanyjynyň organizminde ýagyň mukdaryna baha bermäge, ýüregiň urşunyň üýtgeýşine gözegçilik etmäge we gandaky kislorodyň düzüminiň derejesini ölçemäge ukyplydyr.Galaxy Buds 2 TWS gulaklyklary barada aýdylanda, olar bazara dört reňde: ak, gara, benewşe we ýaşyl reňklerde çykar.

Deslapky maglumatlar boýunça, gulaklyklar AKG hünärmenleriniň gatnaşmagynda döredildi.

Ýene degişli makalalar

Samsung Galaxy S22-niň täze wersiýasy tanyşdyryldy
Täze enjamlaryny tanyşdyrdy
Heniz çykmadyk Xiaomi 12 flagmany rekordlary täzeledi
Xiaomi 17 minutda zarýad alýan smartfony hödürledi
Xiaomi bir minutda 35 müňden gowrak Mi Mix Fold smartfonyny satdy
Samsung kompaniýasy howpsuzlyk ulgamy güýçlendirilen Galaxy Quantum2 smartfony bilen tanyşdyrdy