AnTuTu bençmarky baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy smartfonlary saýlady

AnTuTu bençmarky baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy smartfonlary saýlady

AnTuTu bençmarkynyň topary 2021-nji ýylyň dekabrynda dürli baha kategoriýalarynda baha-hil gatnaşygy boýunça iň oňat Android smartfonlarynyň reýtingini çap etdi. Bu barada www.ixbt.com habar berdi.

AnTuTu-nyň hünärmenleriniň pikiriçe, smartfon bazaryndaky bäsdeşlik öndürijileri yzygiderli önümçiligi ýokarlandyrmaga mejbur edýär. Munuň netijesinde, 1999 ýuana (313 dollar) çenli býujet segmentinde Snapdragon 888+ flagman platformasyna esaslanýan model, ýagny dekabr aýynda Hytaýda ilkinji gezek çykan Motorola Edge S30 modeli reýtingiň başyny çekdi. Ikinji ýerde Redmi Note 10 Pro, üçünji ýerde bolsa iQOO Neo5 Vitality Edition ýerleşdi.

2000-den 2999 ýuana çenli (314 dollardan 470 dollara çenli) kategoriýada Realme GT Neo2T öňdebaryjy boldy. Ikinji ýeri Realme GT Neo Flash Edition smartfony, üçünji orny bolsa Oppo PPO K9 Pro 5G eýeledi.

3000-den 3,999 ýuana çenli (471 dollardan 626 dollara çenli) kategoriýada iQOO 7 - birinji, OnePlus 9RT 5G - ikinji, iQOO 8 bolsa üçünji orny eýeledi.

4000-den 4999 ýuana çenli (627-den 783 dollara çenli) kategoriýada RedMagic 6S Pro (Red Devils 6S Pro) birinji orny eýeledi. Black Shark 4S Pro bilen Xiaomi Mix 4 bolsa, degişlilikde, ikinji we üçünji orunlarda ýerleşdiler.

Bahasy 784 dollardan ýokary bolan iň gymmat smartfonlaryň arasynda Vivo X70 Pro+ birinji boldy. Ikinji ýeri Honor Magic3 Pro, üçünji orny bolsa Xiaomi 11 Ultra eýeledi.

Ýene degişli makalalar

AnTuTu oktýabr aýynda iň güýçli Android smartfonlarynyň sanawyny neşir etdi
Dünýädäki has öndürijilikli gymmat bolmadyk Android smartfonlarynyň reýtingi düzüldi
Honor ilkinji maýyşgak smartfony çykardy
Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy
AnTuTu iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň reýtingini täzeledi
Aprel aýynyň iň öndürijilikli smartfonlary saýlandy