Samsung täze Galazy Z Flip 4 smartfonyny bildiriş etdi

Samsung täze Galazy Z Flip 4 smartfonyny bildiriş etdi

Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde Samsung kompaniýasy eplenýän ekranly täze smartfonyny Galaxy Z Flip 4-i hödürledi.

Keseligine eplenýän smartfona 1080-e 2640-lyk piksel razreşeniýeli, 120 Gs tizlikde täzelenýän, HDR10+ goldawly 6,7 dýumlyk esasy ekran, şeýle-de, 1,9 dýum diagonally we korpusynyň daş ýüzünde goýlan 260-a 512 pikseli bolan razreşeniýeli goşmaça displeý goýuldy.

Eplenýän mehanizmine garamazdan, gurluşa çygdan we tozandan goraýan IPX8 goýuldy.Gurluşyň arka tarapy Gorilla Glass Victus+ aýnasy bilen ýapylan. Öndürijiligine iň täze, 8 ýadroly Qualcomm Snapdragon 8+ Gen 1 prosessory, şeýle hem 8 GB OZU jogap berýär.

Hemişelik ýady, wersiýasyna görä, 128, 256 ýa-da 512 bolar.Olaryň hemmesi sygymy 3700 mAs bolan akkumulýatordan güýç alar, ol kuwwaty 25 Wt çenli bolan tiz zarýad berijiden kuwwat alar.

Esasy kamerasy hersi 12 Mp-lyk iki sany giň burçly we ýokary giň burçly linzaly modullardan durýar.Frontalkasyna esasy ekranyň ýokarky böleginde ýerleşen 10 megapiksellik obýektiwjogap berýär.

Ýene degişli makalalar

Xiaomi 12 , 12 Pro we 12 X flagman smartfonlarynyň global wersiýalaryny görkezdi
Heniz çykmadyk Xiaomi 12 flagmany rekordlary täzeledi
Samsung kompaniýasy Galaxy A23 smartfonyny hödürledi
“Sony” fotoapparat ýaly kameraly smartfonyny tanyşdyrdy
Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar
Arktikada täze ýyly akym tapyldy