Samsung kompaniýasy Galaxy A23 smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy Galaxy A23 smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy özüniň orta derejeli Galaxy A23 smartfonyny hödürledi. Bu täze smartfon geçen ýyl çykan Galaxy A22 modeliniň yzyny tutar.

Samsung Galaxy A23 smartfony razreşeniýesi 2408 x 1080 nokatly 6,6 dýumly ekrana eýedir.Matrisasy TFT tehnologiýasy boýunça taýýarlanandyr we Gorning Gorilla Glass 5 gorag çüýşesi bilen örtülendir.

Gurluşyň korpusynyň galyňlygy 8,4 mm.Smartfonyň foto mümkinçiliklerine kwadrokamera jogap berýär.Onuň düzümine 50 МП, 5 МП (giň burçly obýektiw), 2 we 2 МП (makromodul we çuňluk sensory) razreşeniýeli datçikler girýär.

Selfi-düşüriş üçin 8 megapiksellik öň tarapky kamera göz öňüne tutulandyr.Samsung Galaxy A23-iň apparat platformasynyň esasyna Qualcomm Snapdragon 680 birkristally ulgam goýlandyr. Çip 4GB düwünde, 6 ýa-da 8 GB operatiw ýatda işleýär.

Oturdylan ýadyň göwrümi modifikasiýa baglylykda 64 ýa-da 128GB (MicroSD kartlar üçin 1 Tbaýta çenli slot bar).Güýji tiz energiýa berýän 25 watt goldawly sygymy 5000 mAч bolan akkumulýator batareýalaryndan alýar.

Mundan başga-da, barmaklaryň yzyny alýan gapdal skanerleri, gulaklyklar üçin standart deşik, port USB Type-С 2.0 bar.Samsung Galaxy A23 4 reňkli görnüşde hödürlener: gara, ak, şetdaly reňk we mawy.

Täze smartfonyň bahasy, satuwa çykaryljak senesi heniz takyk aýdylanok.

Ýene degişli makalalar

Samsung täze Galazy Z Flip 4 smartfonyny bildiriş etdi
Täze enjamlaryny tanyşdyrdy
Heniz çykmadyk Xiaomi 12 flagmany rekordlary täzeledi
Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy
Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi