Täze enjamlaryny tanyşdyrdy

Dünýäniň iň köp smartfon öndürýän kompaniýasy bolan Samsung Seul şäherinde ýylyň garaşylýan çäresini geçirdi. Galaxy Unpacked atly tanyşdyrylyş dabarasynda äpet ekranly, akylly sagatlar we beýleki enjamlar görkezildi.

Tanyşdyrylan enjamlaryň arasynda Samsung Galaxy Z Fold 5 eplenýän ekranly telefon has köp ünsi çekýär.Beýleki açylyp-ýapylýan telefonlardan tapawutlylykda bu telefony doly açyk ýa-da ýapyk ýagdaýda däl, aralyk açylan ýagdaýda hem ulanyp bolýar.

Dizaýn babatda mundan ozalky Galaxy Z Fold 4 modeline meňzeýän hem bolsa, has ýuka we ýeňil bolmagy bilen hem tapawutlanýan telefonyň daşky ekranynyň ululygy 6,2 dýuým we 2316×904 piksel durulygynda şekil hödürleýär.

Içki ekranyň ululygy 7,6 dýuým, durulygy 2176×1812 piksel.

Snapdragon 8 Gen 2 mikroprosessory oturdylan telefonyň kamera ulgamy 50MP giň, 50MP esasy we 10MP ýakynlaşdyrýan obýektiwlerden ybarat. Telefonyň bahasy 256GB üçin 1 müň 799 dollar, 512GB üçin 1 müň 919 dollar we 1TB üçin 2 müň 159 dollar.

Şeýle hem çärede Galaxy Watch 6 hem-de Galaxy Watch 6 Classic iki sany sagat tanyşdyryldy. Galaxy Watch 6-nyň 40 millimetrlik görnüşi 300, 44 millimetrlik görnüşi 330 dollardan satuwa çykarylar.

Galaxy Watch 6 Classic-iň 43 millimetrlik modeli 400, 47 millimetrlik modeli 430 dollardan satylar. Täze sagatlaryň ekranynyň çarçuwasy ozalky modellerden 30 göterim insiz bolup, has uly ekrany bar.

Enjamlaryň ählisiniň öňünden sargyt etmek arkaly 11-nji awgustda müşderilere ýetiriljekdigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy
Samsung täze Galazy Z Flip 4 smartfonyny bildiriş etdi
Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi
2022-nji ýylyň iň gowy android-smartfonlary kesgitlenildi
Samsung Galaxy S22-niň täze wersiýasy tanyşdyryldy