Girdeji babatda öňdeligini saklady

Smartfon we beýleki mobil enjamlary öndürýän kompaniýalaryň arasynda köp ýyldan bäri girdeji babatda Apple, önümçilik möçberi babatda Samsung öňdeligi eýeleýär. Ýylyň üçünji çärýeginde hem Apple ýokary girdejili bolmagynda galdy.

Degişli döwürde smartfon bazaryndan alnan girdejiniň 42 göterimini iPhone telefonlary emele getiripdir.Degişli döwürde kompaniýanyň satan smartfonlarynyň umumy bahasy 40 milliard dollar töweregi bolupdyr.Bu smartfonyň täze, has gymmat nusgalarynyň satuwy ýokary girdejä täsir edipdir.

Amerikan kompaniýasy köp ýyldan bäri diňe ýokary hilli smartfonlary öndürýär.Global bazarda smartfon satuwyndan alnan girdejiniň 18,5 göterimi Samsung-yň paýyna düşüpdir. Şeýlelikde, koreý brendi ozalky derejesini saklap galypdyr.

Kompaniýanyň adaty telefon satuwy azalan hem bolsa, eplenýän ekranly telefon satuwynyň artmagy öňküsi ýaly girdeji almagyna getiripdir.Umumy girdejiniň 8,3 göterimini Xiaomi alypdyr.Beýleki hytaý brendleri bolan Oppo hem-de Vivo degişlilikde 4-nji we 5-nji orunlary eýeläpdir.

Bilermenler dünýäde üç aýyň dowamynda ýerlenen telefonlaryň umumy bahasynyň 96 milliard dollar töweregi bolandygyny belleýärler. Bu döwürde telefonlaryň ortaça bahasy 10 göterim töweregi artypdyr, emma satylan möçberi azalypdyr.

Täçnabat Gulberdiýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Bilermenler iň meşhur el telefonlaryny saýladylar
2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Smartfon bazarynyň göwrümi çip ýetmezçiligi sebäpli ep-esli azaldy
Smartfon satuwynda birinji
Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi