Eplenýän telefonlaryň meşhurlygy artýar

Ilkinji gezek 2019-njy ýylyň başynda satuwa çykarylan eplenýän ekranly telefonlaryň meşhurlygy artyp başlady.Maglumatlara görä eplenýän telefonlaryň satuwy 2023-nji ýylda görnetin köpeler.Häzirki wagtda “Samsung”, “Oppo”, “Xiaomi”, “Motorola” we “Huawei” ýaly kompaniýalar eplenýän telefonlary öndürýär. Şeýle-de bolsa bu telefonlaryň agramly bölegini “Samsung” öndürýär. “Display Supply Chain Consultants” (DCSS) marketing kompaniýasy eplenýän ekranly telefonlar barada maglumat taýýarlady.

Maglumata görä, bu telefonlaryň satuwynyň geçen ýylyň soňky çärýeginde 30 göterim artyp, 5,2 milliona ýetendigi çaklanylýar. 2023-nji ýylda bolsa, bu telefonlaryň umumy satuwy artyp, 17 milliona ýeter.

Ýene degişli makalalar

Iň meşhur eplenýän smartfonlar belli edildi
“Samsung” ilkinji 5K monitoryny tanyşdyrdy
Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Hytaýda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň tejribesi bilen tanyşdylar
Hytaý-ýapon hyzmatdaşlygy
EKRAN öndürmekde-de öňdebaryjy