Garri Potter we pelsepe daşy kitabynyň ýalňyşly ilkinji neşiri auksiona çykaryldy

Garri Potter we pelsepe daşy kitabynyň ýalňyşly ilkinji neşiri auksiona çykaryldy

Sotheby’s auksion öýi Londonda Garri Potter we pelsepe daşy kitabynyň ýalňyşly ilkinji neşirini auksiona goýdy. Bu kitabyň diňe bir Joanna Rowlingiň golunyň bardygy üçin däl-de, eýsem ýalňyşly neşir edilendigi üçin hem ýadygärlik gymmatynyň bardygyny bellemeli.

Has takygy, kitabyň yzky daş ýüzünde filosoflar diýen söz ýalňyş ýazylypdyr, şeýle-de onuň 53-nji sahypasynda okuwçylaryň ýany bilen Hogwartsa alyp gitmeli zatlarynyň hatarynda bir taýajyk diýen söz iki gezek gaýtalanypdyr.

Garri Potter we pelsepe daşy kitaby ilkinji gezek gaty daşly görnüşde 1997-nji ýylda tiražy 500 ekzemplýarda neşir edildi.Elitethings.com saýtynda bellenilişine laýyklykda, auksiona çykarylan bu kitap nusgasynyň bahasy 250.000 dollar diýlip bahalandyrylýar.

Ýene degişli makalalar

26-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýazyjy Joan Rouling geçen ýylda 18 million funt gazandy
Aşgabatda Gagariniň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi, Lebapsuwhojhalyk birleşiginiň tehniki parky Ýaponiýanyň Komatsu kompaniýasynyň täze ulaglary bilen üpjün edildi we beýleki habarlar
Garri Potter baradaky seýrek kitap auksiona çykaryldy
Iň köp kitap okalýan ýurtlar
Tokioda Garri Potteriň älemi barada iri seýilgäh açyldy
Meşhur ýazyjylaryň meşhur kitaplary