26-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

26-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Serdar Berdimuhamedow Ärdogana Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy diýen ady dakdy, türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, Aşgabatda TSTB-niň 16 ýyllygy mynasybetli sergi guralar we beýleki habarlar

Türkmenistan 1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana 70 ýaş toýy mynasybetli Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen adyny dakdy.Döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda bellenilişi ýaly, bu at Türkiýäniň Prezidentine türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmäge bahasyna ýetip bolmajak şahsy goşandy, iki halkyň jebisligine gönükdirilen aladalary göz öňünde tutulyp, şeýle hem şanly 70 ýaş toýy mynasybetli dakyldy. 2.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.Saparyň maksady döwlet ähmiýetli täze akylly şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar bilen tanyşlykdan ybarat boldy.Halk Maslahatynyň Başlygy guruljak desgalaryň taslamalary, ulanylýan gurluşyk serişdeleri bilen tanyşdy hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. 3. 17 19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler.

Serginiň myhmanlary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynda gazanylan üstünlikler kärhanalaryň innowasion önümleriniň görnüşleri, işewürlik tarapyndan hödürlenýän täze hyzmatlar bilen tanşyp bilerler.TSTB-niň 16 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä gatnaşmaga isleg bildirýänler 28-nji fewrala çenli Birleşmä hat üsti bilen ýüz tutmalydyrlar. 4.

Türkmen talyplary Moskwa döwlet hukuk uniwersitetinde Halkara ene dili güni mynasybeyli guralan sergä işjeň gatnaşdylar.Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde döredilen türkmen diwarlygynda türkmen dili we edebiýaty görkezildi.

Gözüm gaýra düşmez, köňül eglenmez, Magtymguly — sözlär tili türkmeniň we Köňüller, ýürekler bir bolup başlar diýen şygarlar bilen bezelen diwarlyk türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy. 5.Häzirki wagtda Türkmenistanda azyk önümlerini, gündelik sarp edilýän harytlary, egin-eşikleri, gurluşyk harytlaryny, mebel we beýleki önümleri satýan 300-den gowrak onlaýn dükan hasaba alyndy.

Elektron söwda platformalarynyň sanynyň köpelmegi onlaýn hyzmatlara islegiň artmagy, internet tizliginiň ýokarlanmagy we Türkmentelekom we Altyn Asyr operatorlarynyň hyzmatlary üçin nyrhnamalaryň yzygiderli arzanlamagy bilen baglanyşyklydyr.Bularyň ählisi Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan maksada gönükdirilen işleriň netijesinde mümkin boldy. 6.

Türkmenistanda 10-11-nji synp mekdep okuwçylary üçin Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda rus dili boýunça nobatdaky ders olimpiadasy geçiriler.Iki tapgyrda geçiriljek bäsleşige gatnaşmaga ýurduň ähli umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp mekdep okuwçylary çagyrylýar.

Bäsleşigiň birinji tapgyry 6-njy martda geçiriler.Ikinji tapgyr bolsa 27-nji aprelde gönüden-göni institutda synag görnüşinde geçiriler.

Dünýäde 7.Film görnüşindäki hekaýalarynyň tamamlanmagyndan on ýyl soň, ýaş jadygöý Garri Potteriň hekaýasy serial görnüşinde gaýtadan janlandyrylar.Max striming hyzmaty Joan Rowlingiň ýedi kitabynyň hemmesini surata düşürmek baradaky meýilnamasyny yglan etdi, ilkinji möwsüm 2026-njy ýylda görkeziler.

Serialyň döredijileri eýýäm Joan Rowling bilen onuň goldawyny soramak we taslamanyň aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdylar.Bu serialyň ýedi möwsümden ybarat bolmagy, olaryň hersinde bir kitabyň beýan edilmegi göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtyň özünde, baş keşpleri franşizanyň filmlerine gatnaşmadyk täze aktýorlar ýerine ýetirerler. 8.

Boston auksionynda Hirosima şäherine atom bombasynyň atylmagyna şaýat bolan özboluşly goşar sagady satyldy.Misden ýasalan kiçijik sagat partlama pursatynda ýatyp galypdyr, ol ýapon şäheri üçin pajygaly wagty 8:15-i görkezýär.

Solan aýnanyň aňyrsynda bu elhenç pursatda hemişelik doňup galan sagadyň dillerini görmek bolýar.Sagady 31 113 dollara satyn alan täze eýesiniň ady aýan edilmedi.Sport habarlary 9.

Arkadag toparynyň futbolçylary ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandylar.BAE-däki türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde geçirilen synag oýnunda Wladimir Baýramowyň şägirtleri Gyrgyzystanyň iki gezek çempiony we ýurduň Super kubogynyň eýesi bolan Kant şäheriniň Abdyş-Ata toparyny 2:1 hasabynda ýeňdiler. 4-nji martda badalga aljak täze möwsümde Arkadag çempionlyk adyny goramaga taýynlanýar.

Wladimir Baýramowyň şägirtleri oňa taýýarlygyň çäklerinde Türkiýede we BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşyklerini geçirdiler, şol döwürde 6 synag oýnuna gatnaşyp, 3 ýeňiş gazandylar, 1 gezek deňme-deň oýnadylar we iki gezek ýeňildiler. 10.

Türkmen söweşijisi Abdulla Babaýew AMC Fight Nights 123 ýaryşynda täjigistanly Abdulaziz Ýuldoşewi ýeňdi.Abdulla Babaýew söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady, üç gezek dünýäniň Kubogynyň eýesi, pankration boýunça Aziýanyň we dünýäniň çempionydyr.

Ol Gala Sports Management sport guramasynyň wekilçilik edýär. 11.Türkmenistanyň dzýudoçylary Polşada tamamlanan Ýewropanyň açyk çempionatynda altyn we kümüş medallara mynasyp boldular.Iň ýokary baýragy Maýsa Pardaýewa gazandy. 19 ýaşly türgen bu üstünligi 57 kilograma çenli agram derejesinde gazandy.

Finalda türkmen dzýudoçysy Ispaniýanyň wekili Marta Garsiýa Martinden üstün çykdy. 20 ýaşly Serdar Rahymow 66 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazanyp, Türkmenistanyň toparyna ikinji medaly getirdi.

Ýene degişli makalalar

77-nji Wenesiýa film festiwalynyň dalaşgärleri
Türkmen dzýudoçylary Warşawa şäherinde geçirilen halkara bäsleşikde 2 medala mynasyp boldular
Joan Rouling çagalar üçin täze kitabyny çykarar
Joan Rouling “Garri Potter” franşizasyndan 165 million galleondan gowrak girdeji gazandy
Garri Potter we pelsepe daşy kitabynyň ýalňyşly ilkinji neşiri auksiona çykaryldy
"Täsin" çagalar dünýäsi "Garri Potteriň" äheninde şüweleň guraýar