Türkmen dzýudoçylary Warşawa şäherinde geçirilen halkara bäsleşikde 2 medala mynasyp boldular

Türkmen dzýudoçylary Warşawa şäherinde geçirilen halkara bäsleşikde 2 medala mynasyp boldular

Türkmenistanly türgenler Polşa şäherinde geçirilen Warsaw European Open 2024 halkara ýaryşynda altyn we kümüş medallara mynasyp boldular. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiri habar berýär.

Türkmen türgenleriniň arasyndan altyn medala 57 kilograma çenli agram ederejede çykyş eden Maýsa Pardaýewa mynasyp boldy. Ol öz agram derejesinde 25 ýurtdan gelen 30 türgeniň arasyndan saýlanyp, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyny eýelemegiň hötdesinden geldi.

Maýsa Pardaýewa altyn medala barýan ýoldaky ilkinji tutluşygynda sloweniýaly Ýewgeni Gaiçden, ikinji tutluşygynda awstriýaly Gras Weren Hidenden, ýarym finalda wengriýaly Marta Fawazdan, aýgytlaýjy gapma-garşylykda bolsa ispaniýaly Marta Garsiýa Martinden üstün çykmagy başardy.

Ýeri gelende bellesek, Maýsa Pardaýewa zenan dzýudoçylaryň arasyndaky geçen aýda täzelenen reýtingde üç basgançak ýokary göterilip, häzirki wagtda 57 kilograma çenli agram derejede 1375 utuk bilen 41-nji ýerde barýar.

Türkmen türgenleriniň arasyndan kümüş medaly bolsa 20 ýaşly Serdar Rahymow eýeledi.Ol 66 kilograma çenli agram derejesinde 36 ýurtdan gelen 48 sany türgeniň arasynda ikinji orna mynasyp boldy.

Serdar Rahymow özüniň ilkinji tutluşygynda polşaly Şimon Şimaskini, ikinji tutluşygynda bolsa gazagystanly Adilbek Berikulyny ýeňlişe sezewar etdi.Türkmen türgeni çärýek finalda fransiýaly Benjamin Gomesden, ýarym finalda bolsa britaniýaly Samuel Holdan üstün çykdy.

Finalda bolsa ukrainaly Nikita Goloborodkodan asgyn geldi. Şeýlelikde, kümüş medal bilen çäklenmeli boldy.

Maglumat üçin, Serdar Rahymow häzirki wagtda erkek dzýudoçylaryň arasyndaky dünýä reýtinginde 66 kilograma çenli agram derejede 1056 utuk bilen 46-njy orny eýeläp dur.

Ýene degişli makalalar

26-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
18-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen atşynaslaryna hormatly at dakyldy
Türkmen we daşary ýurtly raýatlara Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen at dakyldy