“Çelsiniň” täze tälimçisi belli boldy

Aprel aýynda Grem Potteri wezipesinden boşadyp, ornuna möwsümiň ahyryna çenli Frank Lampardy tälimçilige bellän “Çelsi” toparynyň täze tälimçisi resmi ýagdaýda mälim edildi.Londonlylar argentinaly hünärmen Maurisio Poçettinony toparyň täze tälimçisi edip bellediler. 51 ýaşyndaky tälimçi “Çelsi” bilen 2+1 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Poçettinonyň şertnama baglaşjakdygy ozaldan hem belli bolup, şertnama resmi ýagdaýda baglaşyldy.Poçettinonyň täze möwsüm üçin “Napoliniň” nigeriýaly hüjümçisi Wiktor Osimheni transfer etmek isleýändigi iňlis metbugatynda bellenilýär.

Soňky gezek geçen möwsümde PSŽ toparyna tälim beren Poçettino 2-nji gezek London şäherine dolandy. 2014-2019-njy ýyllar aralygynda Londonyň başga bir kluby “Tottenhama” tälim beren Poçettino 2013-2014-nji ýyllarda “Southemptona” hem tälimçilik edipdi.

“Çelsi” möwsümiň 12-nji orunda tamamlap, soňky 29 ýyldaky iň ýarama netijedir. Şeýle-de, “Çelsiniň” toplan 44 utugy, soňky 35 ýyldaky iň az utuk bolup, topar 35 ýyl ozal aşaky liga düşüpdi.

Ýene degişli makalalar

20 ýyldan soň öňki toparyna tälim bolup dolandy
Çelsi we Tuhel barada...
Türkmenistan: Sport Çelsi ― Mançester Ýunaýted duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer
Poçettino öňki toparyny derbi-dagyn etdi
“Çelsiniň” Sterlingi bar
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar